Azatlyk Radiosynyň ozalky habarçysy Osman Hallyýew aradan çykdy
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ozalky baýry habarçysy Osman Hallyýew saglyk ýagdaýynyň agyrlaşmagyndan soň, 26-njy awgustda 71 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Osman Hallyýewiň ömür ýoly Türkmenistanyň metbugaty bilen baglanyşyklydy. Ol Turkmen dili we edebiýaty ugrundan ýokary okuw jaýyny tamamlaýar we Daşkentde žurnalistika ugry boýunça okuwyny dowam etdirýär. Garaşsyzlykdan soňky ýyllarda etrap gazetleri ýapylýança "Boýnyuzyn Bahary" gazetiniň baş redaktory wezipesinde işleýär. 2004-nji ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy bolup işleýär.
Žurnalistika işi sebäpli türkmen häkimiýetleriniň yzygiderli gysyşlaryna garamazdan, ol türkmen halkyna garaşsyz maglumatlary ýetirmek üçin janyny gaýgyrman zähmet çekdi.
Hallyýew häkimiýetleriň basyşy esasynda 2016-njy ýylda Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlygyny bes etmäge mejbur edildi.
Osman Hallyýew 1950-nji ýylda Lebap welaýatynyň şol wagtky Boýnyuzyn (soň Garaşsyzlyk, indi Galkynyş etrabyna goşuldy) etrabynda dogulýar.
Azatlyk Radiosynyň işgärleri Türkmen gullugynyň baýry žurnalisti Osman Hallyýewiň ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirýär. Ýatan ýeri ýagty bolsun!