Goşmaça harby ýardam wadalarynyň yz ýany, Zelenskiý Baýden bilen duşuşar
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiýi 1-nji sentýabrda ilkinji gezek Ak tama resmi sapar amala aşyrar. Saparyň dowamynda onuň ABŞ prezidenti Jo Baýdenden anyk howpsuzlyk kepilliklerini soramagyna we rus agressiýasyny çäklendirmek üçin goşmaça harby ýardam haýyş etmegine garaşylýar.
Duşuşyk Ukrainanyň serhediniň golaýynda Russiýanyň giň gerimli harby türgenleşik geçirmäge taýýarlyk görýän wagtyna gabat gelýär. Russiýa geçen ýyl serhede golaý sebitlere 100 müň esger we harby tehnika üýşürdi. Waşington Russiýanyň bu hereketini onuň öz goňşusyny gorkuzmak synanyşygy atlandyrdy.
Ukraina slaw ýurduny özüniň täsir giňişligine degişli hasaplaýan Moskwanyň gaharyny getirip, Ýewropa Bileleşigi, NATO ýaly Günbatar guramalaryna goşulmaga isleg bildirýär.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin iýul aýynda 5000 sözden ybarat argument çap edip, ukrainalylaryň we ruslaryň bir halkdygyny öňe sürdi. Kiýewde köpler muňa Ukrainanyň territorial bitewiligine hem-de özygtyýarlylygyna kembaha garamak synanyşygy hökmünde baha berýär.
Ukraina özüni Kremliň agressiýasyndan goramak üçin ABŞ-dan has köp goldaw gözleýär. Kreml 2014-nji ýylda Krym ýarym adasyny ele geçirip, ýurduň gündogaryndaky iki sebitde gozgalaňçylara goldaw berdi we 13,200-den gowrak adamyň janyny alan ýedi ýyllyk urşy tutaşdyrdy.
Waşington 31-nji awgustda Kiýewe $60 milliona çenli goşmaça harby ýardam wada berdi. Ak tam “serhediň ugrunda Russiýanyň harby hereketleriniň ýygjamlaşýandygy üçin”, hem-de minomýot hüjümleri, ýaraşygyň bozulmagy we beýleki prowakasiýalar sebäpli bu ýardamyň zerurdygyny aýtdy.