Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ-nyň ilçihanasy Täjigistan-Owganystan-Özbegistan serhedinde taslama yglan etdi

ABŞ-nyň Duşenbedäki ilçihanasy 1-nji sentýabrda Täjigistan-Owganystan-Özbegistan araçäginde serhet desgasyny gurmak meýilnamalaryny yglan etdi. Soňky aýlarda “Talyban” söweşijileriniň Merkezi Aziýanyň post-sowet respublikalary bilen araçäkleşýän owgan sebitlerini ele geçirmegi bilen, serhetýaka sebitlerde dartgynlylyk ýokarlandy.     


Ilçihana taslama badalga bermek dabarasyny 2022-nji ýylyň başlarynda geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýtdy.


“Täze serhet birikmesi Şahritusdaky öňki desga bilen çalşyrylar, Serhet gullugyna howp abanan badyna serhede goşun ibermäge mümkinçilik döreder” diýip, ilçihananyň beýanatynda aýdylýar.


Desgada näbelli sanda serhetçi we olaryň maşgalalary ýerleşer.


Merkezi Aziýanyň Owganystan bilen serhetleşýän ýurtlary uruşdan ejir çeken ýurtdan abanýan howpsuzlyk howpundan hem-de fundamentalist “Talybanyň” gol astynda ýaşamagy ret edýän onlarça müň owgan bosgunynyň serhetden aşmak mümkinçiliginden alada galýar.


“Birleşen Ştatlary we Täjigistan berk howpsuzlyk hyzmatdaşlygyndan peýdalanýar. Serhet birikmesini gurmak boýunça taslama Täjigistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy we özygtyýarlylygy barasyndaky umumy  ygrarlylygymyza mysaldyr” diýip, ilçihana ABŞ-nyň ilçisi Jon Pommerşeýmiň (John Pommersheim) sözlerini sitirledi.


Ilçihana ABŞ-nyň 2002-nji ýyldan bäri Täjigistana $300 milliondan gowrak howpsuzlyk ýardamyny berendigini aýtdy.


Täjigistanda we Gyrgyzystanda harby bazalary bolan Russiýa Owganystandan abanýan islendik howpa garşy Moskwanyň Merkezi Aziýadaky ýaranlaryny gorajakdygyny wada berdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *