Türkmenistan Owganystana ýene ynsanperwerlik kömegini iberýär
Owganystana iberilýän ynsanperwerlik kömeginiň guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmek Türkmen DIM-ine tabşyryldy.
Bu kömegiň türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip berilýändigi aýdylýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň awgustynda, öňki hökümet döwründe hem Owganystana lukmançylyk enjamlaryny muzdsuz ibermek baradaky karara gol çekipdi.