Sebit ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy türkmen tarapyna daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýewiň wekilçilik edendigini, şeýle-de maslahatyň dowamynda Owganystandaky “häzirki ýagdaýlar hem-de halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalary” barada pikir alyşylandygyny mälim etdi.
Maslahatda Türkmenistanyň serhetýaka sebitlerinde ýerleşen owgan welaýatlarynyň ýaşaýjylaryna Türkmenistanyň ynsanperwer hem-de azyk kömegini bermäge hemişe taýýardygy we bu işi dowam edýändigi hem beýan edildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
“Talybanyň” gol astynda Owganystanda adam hukuklarynyň, hususan-da aýallaryň hukuklarynyň ýagdaýy demokratik hökümetlerde alada döredýär.
Türkmen resmileri “Talyban” wekilleri bilen soňky hepdelerde birnäçe gezek duşuşyk geçirdi.