Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Öten agşamky uçarda onlarça etniki gazak Kabuldan Gazagystana getirildi

“Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegi bilen, ýurtlaryň uruşdan tozan Owganystandaky adamlary ol ýerden alyp çykmagy dowam etdirýän wagtynda, Gazagystan etniki gazak bolan owgan raýatlarynyň  toparyny Kabuldan Merkezi Aziýa döwletine ewakuasiýa edendigini aýtdy.


Gazagystanyň Daşary işler ministrligi 9-njy sentýabrda Almaty howa menzilinde gonan harby ýük uçarynyň 35 sany owganystanly gazagy alyp gelendigini aýtdy.


Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýbek Smadiýarowyň Azatlyk radiosyna beren habaryna görä, uçar Kabuldan dört sany gazak, bir gyrgyz raýatyny we Gazagystanda hemişelik ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan bir owgan raýatyny  hem alyp gelipdir.


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew geçen aý hökümete owgan raýaty bolan etniki gazaklary Kabuldan ewakuasiýa etmegi guramagy buýurdy.


"Talyban" söweşijileri geçen aý Owganystanyň tas ähli ýerini ele geçireli bäri, köp owganly etniki gazakdygyny aýdyp, Gazagystanyň häkimiýetlerine ýüz tutdy we özleriniň Gazagystana alnyp gidilmegini sorady.


Gazagystanyň Daşary işler ministrligi awgust aýynyň başynda Kabuldaky gazak konsullygynda etniki gazakdygyny aýdýanlaryň haýyşyna seretmek üçin ýörite komissiýanyň döredilendigini aýtdy.


Gazak resmileriniň habar bermegine görä, Owganystanda 200-e golaý etniki gazak bar. Gazagystan 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolansoň, ýörite programma esasynda, daşary ýurtlardaky etniki gazaklary ýurda getirmäge başlady. Emma muňa garamazdan, Owganystanda henizem etniki gazak kän diýip, resmiler Azatlyk radiosyna aýtdy.


Owganystandaky gazaklar esasan 1920-1930-njy ýyllarda, sowetlerden gaçyp giden gazaklaryň garyndaşlarydyr. Olaryň köpüsi dari we/ýa-da özbek dilinde gürleýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *