Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Talyban" kömege garaşýar, Aşgabat geçiriji gurmakçy, bilermen 'bolmaz' diýýär

“Talybanyň“ resmi wekili Zabiulla Mujahid 9-njy snetýabrda twitterde öz toparynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga we türkmen hökümetiniň Owganystanyň halkynyň abadançylygyny pugtalandyrmak tagallalaryna oňyn garaýandygyny aýtdy; Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa, 10-njy sentýabrda geçiren hökümet mejlisinde TOPH taslmasyny agzmana, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak işini dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şu aralykda synçylaryň käbiri Türkmenistanyň TOPH taslamasynyň başa barmajakdygyny ýene bir gezek düşündirmäge çalyşdy.

Zabiulla Mujahidiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüzlenip ýazmagyna görä, “Talyban” Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we owganlaryň abadançylygyna oňyn goşant goşmagyna garaşýar.

“Biz türkmen tarapynyň täze hökümet bilen aragatnaşyk gurmak, ykdysady hyzmatdaşlygy we owgan halkyna edýän ynsanperwer kömegini dowam etdirmek babatdaky oňyn çemeleşmesini nygtaýarys” diýip, geçen aý Kabulda häkimiýeti ele geçiren toparyň wekili aýtdy.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew 8-nji sentýabrda Owganystan boýunça daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen wideoşekilli maslahatlara gatnaşdy.

Türkmen DIM-niň wepsaýtynda çap edilen habara görä, türkmen tarapy Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň Owganystanyň goşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň arasynda gurnan ilkinji duşuşygynda “Owganystan babatda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň derwaýyslygyny nygtap, owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn özara hereketleriň netijeli gurallarynyň esaslandyrylmagynyň wajyplygyny belledi”.

Şol günüň ertesi, Pakistanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan çap edilen beýanatda ministrler BMG-ni Owganystandaky parahatçylyk we gaýtadan guruş jogapkärçiligini öz üstüne almaga çagyrdylar.

Şeýle-de olar “Talyban” toparynyň “açyk, hemme tarapy öz içine alýan, aram syýasatly, Owganystanyň goňşulary bilen dostlukly syýasat ýöredýän we esasy azatlyklary, şol sanda etnik toparlaryň, aýallaryň we çagalaryň hukuklaryny hormatlaýan hökümet gurluşyny döretmelidigini" nygtadylar.

"Halkara jemgyýetçiligi Owganystanyň halkyny taşlamaly däl" diýip, beýanatda nygtalýar.

Mundan başga, Owganystanyň goňşulary bu ýurduň topragynyň başga ýurtlara wehim salmak üçin ulanylmaly däldigini, “Yslam döwleti”, “Al-Kaýda”, “Gündogar Türkistan yslam hereketi”, “Tehrike-Taliban pakistan”, “Bulujystan azat ediş goşuny”, “Jondollah” we beýleki terror toparlarynyň wekilleriniň owgan territoriýasyny ulanmagyna ýol berilmeli däldigini nygtadylar.

Türkmenistan “Talyban” bilen gatnaşyklaryny Kabuldaky ýagdaýlar üýtgemezden öň berkidip başlady we gozgalaňçy toparyň TOPH taslamasynyň amala aşyrylmagynda berjek goldawyna bil baglaýar.

Emma Berdimuhamedowyň mejlisde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak işini dowam etdirmek zerurlygyny nygtamagyna garamazdan, synçylaryň käbiri Aşgabadyň beýleki esasy taslamasynyň, TOPH-yň durmuşa geçmek ähtimallygynyň indi has kynlaşandygyny aýdýar.

Oksford Energetika barlaglary institutynyň (OIES) uly ylmy işgäri Simon Piraniniň 10-njy sentýabrda “New Europe” neşirine aýtmagyna görä, Aşgabadyň takmynan 1800 kilometre uzamaly geçiriji arkaly ýylda 33 milliard kub metre çenli tebigy gaz eksport etmek plany “Talyban” Owganystany çalasyn ele geçirmezinden öň ykdysady ähmiýetini ýitirdi.

“Geliň, häzirki wagtda gaz bahasynyň ýokary bolmagyna göz ýumalyň, sebäbi bu, belki-de, wagtlaýyn bir zat, şonuň üçin hemişelik dowam etjek ýokary baha bolmazdan, TOPH ykdysadyýetiniň hiç bir şertde işlemegi mümkin bolup görünmeýär. Gaz bahasynyň gymmatlygy 15 ýa-da 20 ýyl dowam eder diýip pikir etmeseňiz, bu taslama netijesiz, sebäbi LNG-i (suwuklandyrylan tebigy gaz) Hindistana ýa-da Pakistana getirmek arzan, geçiriji gurmakdaky kynçylyklar we gurmak çykdajylary bu taslamanyň işläp bilmejekdigini aňladýar” diýip, Pirani aýtdy.

Ekspertiň pikiriçe, bu taslamanyň durmuşa geçmegini kynlaşdyrýan ýene bir mesele bolsa, ABŞ-nyň Owganystandan çekilmegi we Birleşen Ştatlaryň strategiki nukdaý nazaryndan aýrylmagy bilen bagly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Дело не в дороге: с какими проблемами чаще всего сталкиваются автотуристы

Дипломат Галузин: Армения сократила контакты с Россией по линии МИД и Минобороны

Век учи: в трети российских колледжей не хватает персонала

«Как гром среди ясного неба». Андрей Турчак возглавил Республику Алтай

Музыкальные новости

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

До плюс 50 градусов: Каким городам России грозит аномальная жара летом 2024 года. Опубликован список

Младшая дочь Заворотнюк пришла на ее могилу с отцом Чернышевым

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Новости России

Дипломат Галузин: Армения сократила контакты с Россией по линии МИД и Минобороны

«Черную армию» не выпустили из Москвы // Тувинских экстремистов будут судить в столице

Дело не в дороге: с какими проблемами чаще всего сталкиваются автотуристы

Деньги в стране. Путин поручил сделать автотуризм удобным для россиян

Экология в России и мире

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Создайте стильный образ из самых простых вещей в гардеробе

Слушатель из Смоленска выиграл на «Авторадио» «Москвич 3»

Россияне решили этим летом меньше отдыхать на курортах

Спорт в России и мире

Мирра Андреева обыграла представительницу Франции Грачеву на "Ролан Гаррос"

Российские ракетки сообразили на троих // Даниил Медведев, Мирра Андреева и Элина Аванесян дружно вышли в 1/8 финала теннисного Roland Garros

«Контракта на экипировку у меня до сих пор нет» // Теннисистка Анна Калинская о лучшем сезоне в своей карьере

Теннисист Джокович побил рекорд Федерера по победам на турнирах "Большого шлема"

Moscow.media

Торжественное возложение цветов к памятному знаку «Юным героям — партизанам и подпольщикам» в Феодосии

Тин-Мерзуга

Пожар в пятиэтажке унес жизнь неосторожного курильщика

Стартовал ремонт 25 км трассы Нижний Новгород – Великий Устюг в Костромской области







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *