Ozalky prokuror we içeri işler ministri Gurbanmuhamet Kasymow aradan çykdy
Azatlygyň çeşmeleri öňki ministriň, wise-premýeriň we ilçiniň COVID-19 hassalygyndan aradan çykandygyny habar berýär.
Wikipedianyň maglumatyna görä, 1976-njy ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlan we öz hünäri boýunça dürli wezipelerde işlän G.Kasymow 1991-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň prokurory bolýar, soňra ol Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministri, goranmak ministri, adalat ministri, Türkmenistanyň Hytaýdaky, Gazagystandaky baş ilçisi wezipelerinde işläp, 2009-njy ýylyň maýynda saglyk ýagdaýy sebäpli işden boşadylýar.
Ýakyndan tanaýan adamlaryň maglumatyna görä, G.Kasymow 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy guralan we prezident Saparmyrat Nyýazowyň işden çekilmegine çagyran protestçileriň aldawa salnyp dargadylmagynda we tussag edilmeginde, 30 töweregi protestçiniň özlerine bildirilen günäleri mejbury boýun almagyna hem-de dürli möhletlerde azatlykdan mahrum edilmegine ýolbaşçylyk edip, şol wagt milli howpsuzlyk edarasyna ýolbaşçylyk eden Saparmyrat Seýidow bilen bäsdeşlikde öňe saýlandy we prezidentiň iň ynamdar adamy boldy.
Türkmen mediasy ozalky döwlet işgäriniň ölümi hakyndaky habary çap etmedi.