Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ harbylary: Demirgazyk Koreýanyň täze ýaraglary özleşdirmegi howp abandyrýar

ABŞ harbylary Demirgazyk Koreýanyň geçen dynç günleriniň dowamynda amala aşyran raketa synaglarynyň onuň goňşy we beýleki döwletlere “howp” abandyrýandygyny duýdurdy.


ABŞ-nyň Hindi-Ýuwaş umman sebiti boýunça komandowaniýesi özüniň beýanatynda Demirgazyk Koreýanyň doly adyny tutup, onuň raketa programmasynyň üstünde işlemegini dowam etdirýändigini belledi, şeýle-de munuň goňşy döwletlere we halkara jemgyýetçiligine abandyrýan howpy barada duýdurdy.


Mundan öň, Demirgazyk Koreýa geçen dynç günleriniň dowamynda uzak aralyk üçin niýetlenen ganatly raketalaryň täze görnüşiniň synaglaryny üstünlikli geçirendigini aýtdy. Bu soňky aýlaryň dowamynda Phenýanynyň bu görnüşli bilinýän ilkinji raketa synagy boldy.


Demirgazyk Koreýanyň döwletiň eýeçiligindäki habar serişdeleri 11-nji we 12-nji sentýabrdaky synaglaryň dowamynda ganatly raketalaryň 1 müň 500 km aralygy uçup şertli nyşanany urandygyny we soňy bilen ýurduň territorial suwlaryna gaçandygyny habar berdiler


Phenýan täze raketalaryň üstünde iki ýyl işlenendigini aýdyp, olary “aýratyn ähmiýete eýe bolan strategiki ýaraglar hökmünde” häsiýetlendirdi. Şu ýylyň başynda Kim Jong Un ýurduň harby mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça görkezme beripdi.


Soňky synaglar Demirgazyk Koreýanyň, ýadro ylalaşygy boýunça ABŞ bilen gepleşikleriň petige diremegi bilen, özüniň harby gerimini artdyrmak ugrunda tagalla edýändigini äşgär etdi.


Kimiň hökümeti ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynyň gepleşikleri gaýtadan başlatmak baradaky tekliplerini häzirlikçe ret edip gelýär.


Baýdeniň administrasiýasy Koreýa ýarymadasynyň ýadro ýaragsyzlandyrylmagyny gazanmak boýunça diplomatiki tagallalara açykdygyny aýtsa-da, sanskiýalary gowşatmak meýilleriniň ýokdugyny hem äşgär etdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *