Täjigistan Owganystandan gaçyp gelen 100-e golaý adamy kabul etdi
Täjigistanyň günorta-gündogaryndaky Hamdoni etrabynyň ýerli hökümetindäki ençeme çeşmäniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, owgan raýatlary iki ýurduň serhedinden geçýän Panj derýasyndan aşypdyrlar.
Çeşmeleriň sözlerine görä, 100 töweregi owganystanly Duşenbäniň etegine geçirilipdir, galanlary hem yzyna – Owganystana ugradylypdyr. Bu maglumat resmi taýdan tassyklanmady.
Owganystan bilen serhetleşýän Merkezi Aziýa döwletleri uruşdan ejir çeken goňşy ýurtdan abanyp biljek howpsuzlyk wehimlerine we onlarça müň bosgunlaryň mümkin akymyna alada bildirýärler. Mundan öň, Türkmenistan COVID-19 aladalaryna salgylanyp, owgan bosgunlaryny öz serhet çäklerine kabul etmekden ýüz öwürdi.