Rus-belarus harby türgenleşikleriniň fonunda Polşa, Baltika ýurtlary howpsuzlygy maslahat edýär
13-nji sentýabrda Rigada geçirilen duşuşykda dört ýurt “Zapad-2021” harby türgenleşiklerine garşy we Belarusyň bikanun migrantlary serhet ýakalarda "ýarag hökmünde ulanmagyna” garşy ÝB-niň hem-de NATO-nyň agyz birikdirmegine çagyrdy.
Polşa, Latwiýa we Litwa şu tomus goňşy Belarusdan göçüp gelýän migrantlaryň köpelýändigine şaýat boldy. Bu ýurtlar migrant tolkunynyň sanksiýalardan we oppozisiýa bildirilýän goldawdan ar almak üçin diýdimzor Aleksandr Lukaşenka tarapyndan gurnalýandygyny aýdýarlar. Migrantlaryň aglabasy Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan, hususan-da Yrakdan geldi.
“Biz diňe bir öz milli serhetlerimizi däl, eýsem, Ýewropa Bileleşiginiň serhedini hem goraýandygymyzy bilýäris” diýip, Polşanyň daşary işler ministri Zbiginew Rau duşuşykda aýtdy.
Estoniýanyň daşary işler ministri Ewa-Maria Liimets “Zapad” harby türgenleşikleriniň “sebitde çynlakaý howpsuzlyk aladalaryna” sebäp bolýandygyny aýtdy.
9-16-njy sentýabr aralygynda Russiýanyň we Belarusyň birnäçe sebitinde geçirilýän harby türgenleşiklere iki ýurtdan 200 müň töweregi harby gatnaşýar.
13-nji sentýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Nižny Nowgorod sebitinde geçirilen harby türgenleşiklere gözegçilik etdi.