Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Merkeliň Balkan ýurtlaryna amala aşyrýan hoşlaşyk saparynda ÝB bilen integrasiýa ileri tutulýar

Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Balkan ýurtlaryna amala aşyrýan hoşlaşyk sapary dowam edýär.  Ol 14-nji sentýabrda Tiranada Albaniýanyň premýer-ministri Edi Rama bilen hem-de Ýewropa Bileleşigine agzalyga synanyşýan dört Günbatar Balkan ýurdunyň liderleri bilen duşuşar.


Şu aýyň ahyrynda Germaniýada geçiriljek saýlawlardan soň wezipe möhleti tamamlanýan Merkel Germaniýanyň alty Günbatar Balkan ýurdunyň Ýewropa Bileleşigine goşulmagyny isleýändigini, ýöne bileleşige goşulmak üçin olaryň heniz uzak menzil aşmalydygyny aýtdy.


Merkel bu bellikleri Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen Belgradda geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýtdy. Metbugat ýygnagynyň öň ýany geçirilen gepleşikler syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyga hem-de ÝB bilen integrasiýa prosesine gönükdirildi.


Ol Ýewropa Bileleşigine agza döwletler integrasiýa prosesinde öňe gidişlik gazanmaklygyň ÝB-niň “geostrategiki bähbitlerine” doly gabat gelýändigini ýatdan çykarmaly däl diýdi.


Merkel şu wagta çenli gazanylan öňe gidişligi magtady ýöne “kanunyň rüstemligi, demokratiýa we raýat jemgyýetiniň köpdürliligi babatynda mundan beýläk görülmeli çäreler” babatynda höweslendirdi.


Alty Balkan ýurdy onlarça ýyl bäri Ýewropa Bileleşigine agzalyga synanyşýar. Ýöne bileleşigiň çäk giňeltmäge bildirýän gyzyklanmalary gowşady. Sebit ýurtlarynyň oktýabrda geçirjek sammiti giňemek prosesine gaýtadan badalga berilmegini maksat edinýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *