Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Orsýetiň we Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky howpsuzlyk guramalary Owganystany maslahatlaşýar

Russiýanyň we Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky iki sany sebitara howpsuzlyk guramasy şu hepde, “Talyban” häkimiýeti ele geçirenden bir aý soň, Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin täjik paýtagtynda aýry-aýry duşuşyk geçirmäge taýýarlanýar.


ABŞ-nyň Owganystandaky 20 ýyllyk harby missiýasynyň aýagynda Kabulyň günbatar tarapyndan goldanýan hökümetiniň birden çagşamagy netijesinde, Moskwa bilen Pekiniň sebitde esasy oýunçylara öwrülmek synanyşyklarynyň arasynda, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) 16-njy sentýabrda geçirýän ýygnagynyň yzyndan, bir gün soň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) ýygnagy geçiriler.


Iki topar hem Moskwanyň we Pekiniň ABŞ-nyň bu sebitdäki geosyýasy agalygyna garşy durmagy bilen baglanyşdyrylýar.


“Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegi bilen, Owganystan süýşüp gelýän uly gumanitar krizis bilen ýüzbe-ýüz boldy we, Owganystanyň Merkezi Aziýadaky goňşulary uruşdan tozan ýurtdan abanýan howp-hatarlarlardan, on müňlerçe bosgunyň serhetden aşmak ähtimallydygyndan ätiýaç edýärler.


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we KHŞG ýurtlary bolan Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň liderleri Duşenbede diplomatik gepleşiklere başlaýar.


KHŞG-nyň baş sekretary Stanislaw Zas 15-nji sentýabrda geçirilen mejlisde Täjigistan-Owganystan serhedindäki ýagdaýyň "amatsyzdygyny" boýun aldy we Duşanbäniň günortadan abanyp biljek ähli howpa garşy durup bilmegi üçin "ähli zerur harby we harby-tehniki kömek" bilen üpjün ediljekdigini aýtdy.


Howpsuzlyk toparlanyşygy soňky hepdelerde bolup biljek kynçylyklara taýýarlyk görmek üçin Gyrgyzystanda harby türgenleşik geçirdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *