Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Talybanyň”  Baradary içerki dawa-jenjeli, ölüm myş-myşlaryny ret edýär

"Talybanyň"  egindeş esaslandyryjysy we premýer-ministriň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýän Abdul Gani Baradar fundamentalçy toparyň garşydaş topar bilen bolan çaknyşygynda özüniň ýaralanandygy ýa-da öldürilendigi baradaky çaklamalary inkär etmek üçin wideo beýanat etdi.


"Ýok, bu dogry däl, men gowy we sagat" diýip, Baradar 15-nji sentýabrda “Talybanyň” Dohadaky syýasy edarasy tarapyndan Twitterde ýerleşdirilen interwýusynda aýtdy. Baradar bu wideo partizançylyk hereketinden Owganystany dolandyrýan topara öwrülmäge synaýan “Talybanyň” Kabuldaky täze hökümetiniň içinde güýçli içerki gapma-garşylyklaryň bardygy baradaky gürrüňleri ret etdi.


"Media bu ýerde içerki dawalaryň bardygyny aýdýar. Biziň aramyzda hiç zat ýok, bu dogry däl" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Bu inkär etmeler soňky günlerde Baradaryň tarapdarlary bilen Hakkani ulgamynyň tarapdarlarynyň arasynda bolan söweşde öldürilendigi ýa-da ýaralanandygy barada ýaýran myş-myşlaryň arasynda ýüze çykýar.  “Talyban” bilen baglanyşykly topar bolan Hakkani ulgamy täze hökümetde birnäçe ýokary wezipäni eýeleýär.


“Talybanyň” täze bellenen içeri işler ministri Sirajuddin Hakkanynyň inisi Anas Hakkani hem 15-nji sentýabrda bu hereketiň içindäki gapma-garşylyklar baradaky habarlary inkär edip, twitterde beýanat çap etdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *