Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatlylar nobatdaky suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Aşgabatlylar nobatdaky suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Aşgabat şäheriniň ençeme etrapçasynda ýaşaýyş jaýlaryna berilýän suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly nobatdaky bökdençlik ýüze çykdy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada paýtagtdan maglumat berýän habarçysy 17-nji sentýabrda şäheriň 11-nji etrapçasynda we Parahat hem-de Gaudan etrapçalarynyň aglaba böleginde ilata berilýän içimlik suw üpjünçiliginiň kesilendigini aýtdy.

"Parahat-7 etrapçasynda şu gün irdenden bäri suw ýok. Bu etrapçanyň beýleki böleklerinde hem tapgyrlaýyn esasda suw üpjünçiligini kesýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran sebit ýaşaýjysy 17-nji sentýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Ol Niýazow adyndaky hassahananyň töweregindäki köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna hem içimlik suwuň berilmeýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Öý dolandyryş edaralarynyň işgärleri sebit ýaşaýjylaryna suw üpjünçiliginiň kesilmeginiň sebäplerini suw geçiriji turbalaryň hatardan çykyp, olarda dörän näsazlyk bilen düşündirýärler. Ýöne olar bu näsazlygyň haçan düzediljekdigi barada anyk bir zat aýtmaýarlar.

Häzir şäheriň käbir etrapçasynda işçiler ýollary gazyp, suw turbalaryny bejerýärler. Munuň bilen bagly, şäheriň ençeme etrapçasyna lagym suwlarynyň demgysdyryjy, ýaramaz ysy ýaýrady.

Habarçymyz paýtagtyň etrapçalarynda suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly bökdençlikleriň indi adaty ýagdaýa öwrülendigine ünsi çekýär. Onuň sözlerine görä, şu sebäpli ýaşaýjylar öýlerinde suw gaplaryny hemişe dolduryp goýýarlar.

"Ýaşaýjylar häzir goşmaça suw bilen üpjün edilmeýär. Olaryň köpüsi suwuň berilmegine garaşýar we gaplara dolduryp goýan suwundan peýdalanýar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri adatça bolşy ýaly paýtagtyň suw üpjünçiliginde dörän bu bökdençlikler barada resmi derejede düşündiriş ýa-da habar bermeýärler.

Türkmenistanyň şäher we oba ýaşaýjylarynyň suw üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklary uzaga çeken problema bolmagynda galýar. Ençeme ýyl bäri dowam edýän bu problema şu ýylyň tomus aýlarynda has-da ýitileşdi.

Azatlyk Türkmenistanyň dürli künjeklerindäki ýiti suw ýetmezçiligi, munuň adamlaryň gündelik durmuşyna we ýurduň oba-hojalyk pudagyna ýetirýän ýaramaz täsirleri barada ençeme gezek habar berdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan synçylar suw üpjünçiligi bilen bagly problemalara ýurtdaky suw ýetmezçiliginiň we suw geçiriji ulgamlarda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmezliginiň, turbalaryň we suw desgalarynyň könelişmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ýiti suw ýetmezçiligi barada çykýan habarlara düşündiriş bermän, azyk howpsuzlygynyň döredilendigini tekrarlaýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy özüniň awgustyň ahyrynda çap eden soňky hasabatynda Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurdy. Hasabatda Türkmenistanda suw resurslaryna çenden aşa (100%-den hem köp) agram düşýändigine üns çekildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Полуразрушенное здание бывшей бани снесли в Орехово-Зуеве

Боец Никулин назвал рост самой слабой стороной соперника Погодина

В Истре объявлен электронный аукцион по благоустройству лесопарка

Памятную доску инженеру-испытателю Александру Кирееву открыли в Балашихе

Музыкальные новости

Более 30 компаний из Нижегородской области пришли на первую встречу регионального сообщества инклюзивного бизнеса «Открыто для всех»

Отельеры вступают в Игры дружбы // Стоимость размещения в гостиницах растет

Как Россия разгромила Польшу и вернула Смоленск

Более 40 тысяч семей в Москве и области получают ежемесячные выплаты из средств материнского капитала

Новости России

Певица Ёлка поучаствовала в уличной фотосессии в деловом образе

Как изменится зарплата россиянок с детьми, которым могут сократить рабочую неделю

Эксперт Гетта: на «Госзаказе» обсудили поддержку предприятий ОПК

В Саду Бенуа начались экскурсии по эмоциональному паблик-арт проекту

Экология в России и мире

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

Волжский нарцисс - Плес

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

Раскрыт секрет, как и где отдохнуть в России летом за 11 тыс. рублей

Спорт в России и мире

Главный русский теннисист заставил Париж аплодировать ему стоя. Что удалось Осьминогу Медведеву?

Не ходите, дети, в теннис: как Андре Агасси и Штеффи Граф подарили детям право выбора

Организм был не в состоянии: Потапова прокомментировала поражение на «Ролан Гаррос»

17-летний россиянин Даниил Саркисян разгромил Форбса из США на юниорском «Ролан Гаррос»

Moscow.media

Преступления мигрантов с рынков азербайджанского олигарха Года Нисанова продолжают шокировать Москву

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде

Аккумулятор неанонсированного Samsung Galaxy Z Fold6 Ultra сертифицировали

Беспроводной сканер штрих-кодов Heroje S-H29W







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *