Almatyly protestçiler 'satylan' garaşsyzlyk, AES, sanlylaşdyrmak hakynda gürrüň etdi
Olar: "Nazarbaýew, git!" diýip gygyrdylar.
Ýarym sagatdan soň protest ýerindäki internet baglanyşygy öçürildi. Polisiýa protest wagtynda we ol başlanmazyndan ozal birnäçe aktiwisti tussag etdi.
18-nji sentýabrda Abaý Kunanbaýew ýadygärliginiň öňünde geçirilen mitinge aktiwistler Gazagystanyň garaşsyzlygyna abanýan howp, hökümetiň atom elektrik stansiýasyny gurmak başlangyjy, sanlylaşdyrma, ýurtdaky hytaý desgalary we hökümetiň sosial ulgamlary çäklendirmek synanyşyklary barada gürrüň berdiler.
Çykyş edenleriň köpüsi hökümeti tankyt edip, häkimiýetleri Gazagystany Hytaýa we Russiýa ykdysady taýdan garaşly etmekde aýyplady. Protestçiler milli baýlygyň talanýandygyny we olary mümkin boldugyça gysga wagtda döwlete gaýtarylmalydygyny aýtdylar.
Şeýle-de, protestçiler 2006-njy ýylda Almatydaky Şanyrak wakalaryndan soň 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen dissident şahyr Aron Atabekiň we hukuk aktiwistleri tarapyndan "syýasy tussag" hasaplanýan beýleki raýatlaryň türmeden boşadylmagyny talap etdiler.
Prokuratura bu günki çäräniň "bikanundygyny" duýdurdy. Protestçiler bir ýarym sagatlap dowam eden protestden soň polisiýa bölümine tarap ýöriş etdiler.