Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdýar
Täjik paýtagtyndaky sammite hormatly myhman hökmünde prezidentiň sözlerine görä, ŞHG bilen gatnaşyklar Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.
Şeýle-de ol Türkmenistanyň bu guramasynyň işine gyzyklanma we hormat goýmak bilen garaýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde, ...terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, maglumat hem-de biologik howpsuzlygy üpjün etmek ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda ŞHG bilen işjeň gatnaşyklara taýýardyrys diýip, türkmen prezidenti “bu gün, tutuş dünýäniň täze çylşyrymly wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolan mahalynda, ŞHG-nyň ornunyň ýokarlanýandygyny" belledi.
“Elbetde, bilelikdäki işiň däp bolan ulgamlaryndan başga-da, onuň mümkinçilikleri, toplan tejribesi pandemiýanyň täsirini azaltmak, kontinental ykdysady we ulag gatnaşyklaryny, düzümleri hem-de logistikany dikeltmek bilen baglanyşykly wezipeler babatda örän zerurdyr” diýip, TDH Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.
Türkmenistan adatça, öz bitaraplyk durumyna salgylanyp, sebitdäki döwletleriň özara bileleşiklerinden çeke durmaga ýykgyn edýär.