Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ŞHG ýolbaşçylary owgan kömegini köpeltmäge, doňdurylan emläkleri boşatmaga çagyrýar

Russiýanyň we Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) liderleri dünýäni uruşdan tozan Owganystanyň doňdurylan emläklerini boşatmaga we “Talybanyň” häkimiýet başyna gaýdyp gelmegi bilen krizisiň gyrasynda duran ýurda berilýän kömegi güýçlendirmäge çagyrdy. 


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň hytaýly kärdeşi Si Szinpin 17-nji sentýabrda Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirilen ugurdaş sammitinde Owganystana zerur bolan goldawyň berilmezliginiň ýurdy doly ynsanperwer heläkçiligine iterip, terrorçylygyň we neşe gaçakçylygynyň gülläp ösmegine ýol açyp biljekdigini aýtdy. 


"Talyban" söweşijileri 15-nji awgustda Kabula girenden soň, Owganystanyň merkezi bankynyň takmynan 9 milliard dollarlyk daşary ýurt ätiýaçlyklary doňduryldy.  Ol serişdeleriň köpüsi ABŞ-da we Halkara Walýuta Gaznasynda (HPG), Bütindünýä Bankynda saklanylýar. Daşary ýurt hökümetleri we beýleki donorlar hem Owganystan bilen bagly tölegleri togtatdy.


Wideo baglanyşyk arkaly ŞHG sammitine ýüzlenen Putin bu guramanyň Owganystandan uç alyp biljek "terrorçylyk, neşe gaçakçylygy we dini ekstremizm" howplarynyň öňüni almak üçin elinden gelenini etmelidigini aýtdy. 


Bu ýurtdaky durmuşy kadalaşdyrmak we Owganystanda howpsuzlygy üpjün etmek barada beren wadalaryny ýerine ýetirmeklerini nazara alyp, ol howpsuzlyk bileleşiginiň   "täze owgan häkimiýetlerini höweslendirmek" üçin “öz mümkinçiliklerini ulanmalydygyny” aýtdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *