Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Orsýetliler parlament saýlawlarynyň ikinji gününe girdi. Sesleriň 'görülmedik derejede' galplaşdyrylýandygy aýdylýar

Oppozisiýa programmasynyň çäklendirilmegi bilen, Orsýetde pandemiýa aladalary sebäpli üç günüň dowamynda geçirilýän parlamant saýlawlary ikinji gününe girdi, adamlaryň ses bermäge mejbur edilýändigi habar berilýär, sosial ulgamlarda saýlaw galplyklaryny görkezýän wideolar peýda bolýar.


Orsýetde geçýän parlament saýlawlarynyň ikinji güni giň ýaýran saýlaw galplyklary baradaky aýyplamalar bilen başlandy.


Garaşsyz “Golos” saýlaw gözegçilik topary ses berişligiň ilkinji güni sesleriň satyn alynýandygyny görkezýän 2000 töweregi prosessual düzgün bozmany hasaba aldy.


Golosyň maglumatyna görä, ýuniformaly adamlaryň saýlaw uçastoklaryna köpçülikleýin gelmegi hökümetiň dolandyryjy partiýanyň ýeňşini üpjün etmek üçin döwlet işgärlerini mobilizleýändigini görkezýär. Adamlaryň gaýtalap, birnäçe gezek ses berendikleri, şeýle-de saýlaw býulletenleriniň toplanyp atylýandygy barada onlarça maglumat bar.




Syýasy analitik Andras Toth-Czifra twit ýazyp, ses berilýän çelekleriň toplanyp atylýan býulletenller bilen doldurylýandygyny görkezýän “hakykatdanam haýran galdyryjy möçberiniň” peýda bolandygyny aýtdy we, “Bu saýlawyň ilkinji güni, onlaýn galplyklary bolar hatda göze hem görünmeýär (ýöne öňki tejribelere esaslansaň, onuň hem bolmagy örän ähtimal)” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.



Orsýetliler oppozisiýanyň akylly ses beriş programmasynyň häkimiýetleriň basyşlary netijesinde Google we Apple kompaniýalarynyň onlaýn dükanlaryndan aýrylmagy bilen başlanan ses berişligiň ikinji gününe girdiler.


Häkimiýetleriň başga pikirlileri basyp ýatyrmak üçin gören gazaply çäreleriniň çäginde kreml tankytçylarynyň bäsleşikden çetleşdirilmegi we garaşsyz medianyň berk gysylmagy netijesinde geçirilýän parlament saýlawlarynda Kreml tarapyndan goldanýan dolandyryjy partiýanyň, "Bitewi Russiýanyň" ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.




17-nji sentýabrda başlanan ses berişlik bilen, tussag edilen oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň “Akylly ses beriş” programmasy “Apple” we “Google” kompaniýalarynyň onlaýn dükanlaryndan ýitirim boldy we korrupsiýa garşy göreşijiniň egindeşleri bu çäräni senzura we basyşa boýun egmek hökmünde häsiýetlendirdi.


Nawalnynyň topary bu guraly prezident Wladimir Putine garşy çykýan saýlawçylaryň "Bitewi Russiýa" kandidatyny ýeňmek üçin iň gowy mümkinçiligi bolan kandidatlary, hatda şol alternatiw kandidatlar beýleki esasy syýasy partiýalaryň birinden bolsa-da, kesgitläp bilmekleri üçin öňe sürdi.


Nawalnynyň programmasynyň aýrylmagy dolandyryjy partiýanyň administratiw serişdeleri ulanyp, döwlet işgärlerini we harby gullukçylary saýlawyň ilkinji gününde ses bermäge mejbur eden ýaly görünmegi bilen utgaşdy.




Şu aralykda meşhur habarlaşma programmasy bolan “Telegramyň” hem Russiýanyň saýlaw kampaniýasynda ulanylan ähli söhbetdeşlik botlaryny togtadýandygy mälim boldy. Bu tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň “Akylly ses berişlik” başlangyjynyň Saýlawlar boýunça gollanmasynyň “Apple” we “Google” kompaniýalarynyň onlaýn dükanlaryndan aýrylmagyndan soň urlan goşmaça zarba boldy.


"Telegramyň” esaslandyryjysy Pawel Durow 17-nji sentýabrda, ýarygijeden sähel öň, bu gullugyň Russiýanyň "saýlaw ümsümligine", saýlaw wagtynda beýleki ýurtlarda hem kampaniýalary gadagan edýän kanunlara eýerjekdigini aýtdy.


"Biz bu tejribäni kanuny hasaplaýarys... we saýlaw kampaniýalary bilen baglanyşykly botlaryň işlemegini çäklendirmegi meýilleşdirýäris" diýip, dünýäniň iň meşhur habarlaşma programmalarynyň biriniň rus esaslandyryjysy aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *