Owgan žurnalistleri Owganystanda žurnalistikanyň ölmeginiň öňüni almaga çagyrýarlar
Syýasy garaýyşlary taýdan dürli-dürli bolan 103 owgan žurnalistiniň, şol sanda 20 zenanyň gol çeken ýüzlenmesinde adam atlary görkezilmeýär. Sebäbi olaryň käbirleri gizlenen, 10-sy bosgunlykda bolsa-da, köpüsi henizem Owganystanda işleýär.
Olar, “1996-2001-nji ýyllarda bolşy ýaly, Owganystanda žurnalistikanyň ölmegini islemeýändiklerini" aýdýarlar. Žurnalistler iň uly we gyssanmaç zerurlygyň gorag kepilligidigini, hususan-da munuň zenan žurnalistler üçin wajypdygyny aýtdylar.
Olar, "Talybanyň" jemgyýetçilik ynandyrmalaryna garamazdan, ýerlerdäki žurnalistlere atylýan haýbatlary, redaksiýa işgärleriniň gorkuzylmagyny we ýaşyryn senzurany nazara alyp, "umumy repressiýa alamatlaryny" görýändiklerini aýdýarlar.
Şeýle-de olar öz ýurtlaryndaky "metbugat azatlygy, garaşsyz metbugat, plýuralizm we žurnalistleriň goragy babatynda soňky ýigrimi ýylda gazanylan üstünlikleri gorap saklamak üçin mobilizasiýa" çagyrýarlar.