Ýewropa kazyýeti 2006-njy ýylda Litwinenkonyň öldürilmeginden Russiýany “jogapkär” tapdy
Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti öňki rus howpsuzlyk ofiseri Aleksandr Litwinenkonyň 2006-njy ýylda Londonda “janyna kast edilmeginden” Russiýanyň jogapkärdigi barada höküm çykardy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň aç-açan tankytçysy 43 ýaşly Litwinenko radioaktiw polonium 210 bilen zäherlenen çaý içenden soň, 2006-njy ýylyň 1-nji noýabrynda ýarawsyzlandy. Ol aradan birnäçe gün geçenden soň hassahanada aradan çykdy.
2016-njy ýylda Britaniýada geçirilen barlaglar Litwinenkonyň öldürilmegine degişli rus aňtaw operasiýasyny Putininiň tassyklan bolmagynyň ahmaldygy barada netijä geldi.
Barlaglar iki rus raýatyny – häzir ýurist bolan Andreý Lugowoýyň we Dmitriý Kowtuny – esasy güman edilýän hökmünde anyklady.
Düýbi Strasburgda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti 21-nji sentýabrda çykaran kararynda Litwinenkonyň “Lugowoý we Kowtun tarapyndan öldürilendigi barada şek-şübhe ýok”, şeýle-de “deslapky esasly deliller jenap Lugowoýyň hem-de jenap Kowtunyň jenap Litwinenkony zäherlänlerinde rus döwletiniň adyndan hereket edendiklerini görkezýär” diýdi.
Lugowoý-da, Kowtun-da Litwinenkonyň ölümine özleriniň gatnaşygyny ret edýär.