Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hytaý maýa goýumlary arkaly Ýewropanyň ykdysady täsirini nädip gazanýar

Hytaý maýa goýumlary arkaly Ýewropanyň ykdysady täsirini nädip gazanýar

“Hytaýyň ykdysady güýjüniň indeksi” Hytaýyň Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlaryndaky ykdysady hyzmatdaşlygyna giňişleýin we dürli taraplaýyn baha berýän ilkinji hasabat bolup durýar. Şeýle hem onuň täsiriniň artýandygyny, munuň bolsa Pekine syýasy taýdan mümkinçilik açýandygyny görkezýär.

Täze hasabatda Hytaý maýa akymlarynyň ol ýurtlaryň ykdysadyýetine goşulmagynyň netijeleri, onuň dolandyryşa edýän täsiri hem-de daşarky gurşawa edýän zyýany görkezilýär.

Bolgariýanyň Demokratiýany öwreniş merkezi tarapyndan 9-njy sentýabrda neşir edilen hasabatda, Pekiniň soňky on ýylda Merkezi we Gündogar Ýewropadaky ykdysady gatnaşygy pandemiýa döwrüne gabat gelmegi bilen hukuk kadalarynyň we dolandyryş ülňüleriniň peselmegine täsir edendigini ýüze çykaryldy, bu daşky gurşaw aladalaryny ýokarlandyrdy, üstesine bergileri-de artdyrdy.

Bu hasabat Hytaýyň Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna barha giň aralaşmagy, netijede, Pekiniň sebitdäki iň iri söwda hyzmatdaşy bolandygyny görkezýän, köp ugurlary öz içine alýan ilkinji uly göwrümli barlag işi bolup durýar.

Hytaýyň täsiri 2009-njy ýyldan bäri takmynan 14 milliard dollarlyk grantlaryň – ýardam kömekleriniň, karzlaryň, bilelikde ýygnanan girdejileriň we ykdysady ýeňillikleriň gelmegi bilen mümkin boldy, mundan başga-da takmynan 50 milliard dollar dowam edýän ýa-da işe başlamagyna garaşýan infrastruktura, energiýa we telekommunikasiýa taslamalaryna harçlanylýar.

Şeýle hem bu barlag işinde, ol ýurtlar Hytaýyň maliýe ýardamyna näçe bagly bolsalar, şonça-da jemi içerki önümiň uly böleginiň Hytaýyň maýa goýumlarynyň paýyna düşýändigini görkezýär. Bu bolsa öz gezeginde, Hytaýyň "öz ykdysady we syýasy täsirini" giňeltmek üçin, kanunyň hökmürowanlygyndan peýdalanmak ähtimallygyny pese düşürýär.

“Bu Hytaý ýaly awtoritar ýurtlarda öz bähbitlerini öňe sürmek isleýänlere, kanundaky ‘boşluklardan’ peýdalanmakda hem-de öz täsirini artdyrmakda nädogry düzgündir. Beýle torlar awtoritar döwletlere has köp maýa goýulmagyna mümkinçilik berýär hem ykdysadyýetiň has pese gaçmagyna sebäp bolýar: maglumatlar hytaý pullarynyň akymy bilen ol ýurduň dolandyryşyň hiliniň ýaramazlaşmagynyň arasyndaky berk arabaglanyşygy görkezýär" diýip, hasabatyň awtorlaryndan biri, Bolgariýanyň Demokratiýany öwreniş merkeziniň Energetika we töwerekdäki gurşaw maksatnamasynyň başlygy Martin Wladimirow aýdýar.

Bu gatnaşyklar Hytaýyň ykdysady kuwwatynyň doly derejesini görkezmek üçin döredilen “Hytaýyň ykdysady güýç indeksi” arkaly ölçelýär. Onuň sebitdäki ösüş gerimi deň däl, köp bölegi Çehiýada, Wengriýada we Günbatar Balkanlarda, esasanam Bosniýa we Gersegowinada, hem-de Serbiýada jemlenipdir.

Hasabatdan gelip çykýan netijelere görä, Bosniýa we Gersegowina, Wengriýa, Çernogoriýa we Serbiýa Hytaýyň maýa goýumlarynyň köpelmegi sebäpli bu kategoriýalarda iň pese düşüpdir. Şol bir wagtyň özünde, Pekin tarapyndan goldanýan kompaniýalar salgyt ýeňilliklerinden hem-de ýerli zähmet kanunlaryndan sowlup geçmäge we beýleki artykmaçlyklardan peýdalanmaga mümkinçiligi bolupdyr.

Hasabatda esasanam Günbatar Balkan ýurtlarynda “sebitiň hökümetleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolan ýerli kompaniýalaryň [hytaý] taslamalaryna ýol açmak üçin, gönüden-göni lobbileri – öz bähbidini öňe sürýänleri edinýändikleri” bellenýär. Munuň daşyndan-da, şeýle ýerli firmalaryň köpüsinde "Hytaý bilen milli hökümetleriň arasynda köpri" bolmak üçin, uly söwda bähbitleri bar.

“Bu işleriň ählisi tehniki taýdan kanuny hem açyk. Ýöne onuň umumy täsiri, şondan soň döwlet edaralary hytaý kompaniýalarynyň işini kadalaşdyryp bilmeýärler, beýle edaralar jemgyýetçilik bähbidine hyzmat etmeýärler, munuň ýerine konglomeratlaryň ýa-da ýerli oligarhlaryň syýasy topara baglanyşmak bähbitlerine ýardam edýärler" diýip, Martin Wladimirow düşündirýär.

«ARKADAKY GAPY»

Hytaýyň Merkezi we Gündogar Ýewropada bolmagy, esasanam Balkan ýurtlarynda iş alyp barmagy gaty möhüm görünýär, Hytaýyň soňky ýyllarda bu ýurtlara milliardlarça maýa goýmagy Günbataryň syýasy toparlarynda alada döredýär, sebäbi bu sebit maddy taýdan Pekine garaşly bolýar.

Serbiýanyň paýtagty Belgradda Pekiniň Günbatar Balkan sebitindäki ykdysady we syýasy täsirini giňeltmek üçin, merkeziň iş alyp barmagy ýokardaky ýatlanylýan hasabatda aýdylýanlaryň aýdyň mysalydyr. Bu ýurt Hytaýyň dürli başlangyçlaryň sergisi hökmünde çykyş edýäne meňzeýär – telekommunikasiýa we gözegçilik tehnologiýalaryndan başlap, koronawirus pandemiýasy şertinde, jemgyýetçilik saglyk tehnologiýalaryna çenli görkezilýär.

Ýöne soňky döwürde Hytaýyň sebitdäki köp sanly taslama şertnamalarynda aç-açanlygyň ýokdugy hem-de tenderler wagtynda korrupsiýa aýyplamalary sebäpli ünsi çekip başlady.

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň hökümeti Hytaýyň Şanhaý Fudan uniwersitetiniň ýerli kampusyny - şäherçesini gurmak üçin, Hytaý bankyndan 1,5 milliard dollar karz almagy meýilleşdirýändigi aýan edilenden soň, nägilelik we syýasy basyş bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Çernogoriýanyň milliard dollarlyk awtoulag ýol-gurluşyk taslamasy köp ýyldan bäri yza süýşürilip gelinýär. Şeýle hem bu mesele halkara habar serişdeleriniň diline düşensoň, Hytaýyň Ýewropadaky täsiri baradaky jedelleriň merkezine öwrüldi. Şondan soň bu kiçi Balkan döwleti Hytaýyň Eksport-import bankyna bergisini üzüp bilmejekdigini mälim etdi. Ol awto ýol gurluşygyň işi diňe bir bellenilen möhletden yza galýandygy üçin däl, eýsem hytaýly işçilere aşa garaşlydygy üçin-de tankyt edildi.

Netijede, Podgorisa maliýe durnuklylygyny üpjün etmek we karz göterimini tölemek üçin, birnäçe Amerikan we Ýewropa guramalaryndan, karz kömegini aldy.

“Hytaýyň işewür toparlarynyň Ýewropa hem-de Ýewropa Bileleşigine ýaýramagy üçin, Merkezi we Gündogar Ýewropa örän täsirli arkadaky gapy boldy. Bu uzak möhletleýin strategiýanyň bir bölegi" diýip, Wladimirow aýdýar.

TEBIGATA ÝETÝÄN ZYÝAN MESELELERI

Şeýle hem hasabatda Hytaýyň ykdysady ösüşiniň artmagy Merkezi we Gündogar Ýewropada elektrik energiýasyny öndürmekde, kömürden peýdalanmagyň ýokarlanmagyna, sebitdäki taslamalar üçin daşarky gurşaw standartlarynyň peselmegine sebäp bolandygy barada netije çykarylýar.

Çernogoriýanyň jedelli awtoulag ýol-gurluşygy diňe karzlar bilen baglanyşykly däl, eýsem UNESKO-nyň goragyndaky Tara derýasyna ýetirilen zyýan sebäpli-de aktiwistleriň ünsüni özüne çekdi.

Edil şonuň ýaly-da, Serbiýanyň Bor şäheriniň golaýynda ýerleşýän Hytaýyň eýeçiligindäki mis käniniň daşarky gurşawa ýetirýän zyýany, howanyň hapalanmagy baradaky şikaýatlara we nägileliklere sebäp bolup, bu kompaniýany işini wagtlaýyn togtatmaga mejbur etdi.

Uglerod zyňyndylarynyň ýokarlanmagy hem-de kömür känlerine Hytaýyň maýa goýumlarynyň Balkan ýurtlarynyň Ýewropa Birleşigine girmek isleglerine päsgel berip biljekdigine bu hasabatda duýduryş bar. Ýewropa Birleşigi geljek on ýylyň dowamynda kömür ulanylyşyny etaplaýyn aradan aýyrmak baradaky meýilnamany yglan etdi, şeýle hem 2030-njy ýyldan 2050-nji ýyllar aralygynda, uglerod zyňyndylaryny azaltmagy maksat edinýär.

"Hytaý ýurtlaryň Ýewropa Birleşigine girmeginiň öňüni almaga synanyşmaýar, ýöne Hytaýyň maýa goýumlaryny ösdürmegi goldaýan syýasat we kanunlar Birleşige goşulmak prosesine gytaklaýyn päsgel berýär” diýip, Martin Wladimirow düşündirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

«‎Жахнули баллистикой»‎ — Как опозорился авианосец США в Красном море

Мужчина зарезал обидчика в лесопарковой зоне на востоке Москвы

Количество вагонов в «Ласточках» увеличили вдвое между Костромой и Москвой

В Москве в мае родилось почти 10 тысяч детей

Музыкальные новости

Хозяйка «голой» вечеринки Анастасия Ивлеева открывает в Москве азиатский ресторан

Артисты – они все особенные!

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

Новости России

«‎Жахнули баллистикой»‎ — Как опозорился авианосец США в Красном море

Более 80 трансформаторных подстанций отремонтировали в Чехове с начала года

«Это — по любви». Маньяк-душитель Миргород убил в Москве 17 женщин

Два человека пострадали из-за стрельбы на северо-востоке Москвы

Экология в России и мире

Скидки на звуковые щетки и зубную пасту для детей от компании "Ревилайн" до 6 июня 2024 года

Областная наркологическая больница запускает летнюю профилактическую кампанию для юных свердловчан

Россияне решили этим летом меньше отдыхать на курортах

Турецкие отели в шоке после банкротства крупнейшего туроператора: все оказались в долгах, как работать летом — непонятно

Спорт в России и мире

Главный русский теннисист заставил Париж аплодировать ему стоя. Что удалось Осьминогу Медведеву?

Синнер повторил уникальное достижение Джоковича и Надаля на турнирах «Большого шлема»

Мирра Андреева обыграла представительницу Франции Грачеву на "Ролан Гаррос"

Джокович совершил суперкамбэк на Ролан Гаррос и установил абсолютный рекорд

Moscow.media

Пожар в пятиэтажке унес жизнь неосторожного курильщика

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Торговые настольные электронные весы CAS PR-15P

Правительство РФ направило дополнительные средства на завершение строительства трассы Гузерипль – плато Лагонаки в Адыгее







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *