Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebabyň köp etrabynda ýuwuş suwy entegem tutulmady

Lebabyň köp etrabynda ýuwuş suwy entegem tutulmady

BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasynyň Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurýan döwri, lebaply daýhanlar ýuwuş suwlaryny tutmak üçin zerur bolan suwuň kadasyz üpjünçiliginden, şol sanda abatlanmadyk kanallardan hem-de suw sorujy nasoslaryň ýetmezçiliginden şikaýat edýärler.

“Lebabyň Dänew we Galkynyş etraplarynyň Täzeýurt, Akarabat, Goşaköpri daýhan birleşikleriniň, şeýle-de Ojarly, Gabakly obalarynyň meýdanlarynda ekişden öň berilýän ýuwuş suwy heniz hem berilmedi, netijede bugdaý ekişine entegem girişilmedi” diýip, efirde adynyň üýtgedilip Didarguly diýlip tutulmagyny soran lebaply daýhanlaryň biri 21-nji sentýabrda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Ol Amyderýadan gelýän suwuň azalmagy, suw desgalarynyň işlemezligi we resmileriň suwy netijeli peýdalanyp bilmezligi sebäpli zerur ýuwuş suwlarynyň heniz hem tutulmazlygy geljekki hasyla ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini duýdurdy.

“Eger oktýabrda suw tutulsa, onda ekin meýdanlary noýabrda taba gelip, bugdaý ekişine taýýar bolar. Elbetde, tehnika üpjünçiliginde bökdençlik bolmasa. Eger-de geçen ýylky ýaly gyş ir gelse, onda güýzlük bugdaý eýýäm fewralda ekiler” diýip, Didarguly belledi.

Ol sözüni dowam etdirip: “Awgustyň aýagynda ekilen bugdaý, gowy ideg edilse, 50%-e çenli hasyl berýär. Oktýabrda ekilen bugdaýyň hasyllygy adatça 10-12% bolýar. Ýöne bugdaýyň noýabrda we fewralda ekilmegi döwleti we daýhany aldamakdan başga hiç zat däl” diýip, 30 ýyl töweregi daýhançylyk bilen meşgullanyp gelýän Didarguly sözüne goşdy.

Sebtidäki habarçymyzyň maglumatlaryna görä, hususan-da arassalanmadyk kanallar hem-de suw sorujy nasoslaryň ýetmezçiligi ekin meýdanlaryny ýuwuş suwlaryndan mahrum edýär.

“Farap kanalynyň arassalanmandygyna 40 ýyl töweregi bolandyr. Bu sebäpli suw Dänew we Galkynyş etraplarynyň ekin meýdanyna ýetip bilmeýär” diýip, ýerli agronom belledi.

Galyberse-de, ençeme lebaply daýhanyň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda Lebabyň ençeme, şol sanda Farap we Galkynyş etraplarynda suw nasoslary ýetmezçilik edýär. Daýhanlar Amyderýadaky suwuň häzirki derejesinde ekerançylyga zerur bolan suwuň nasoslaryň kömegi bilen alynmalydygyny, ozaldan bar bolan suw sorujy nasoslarynyň agramly böleginiň bolsa hatardan çykandygyny aýdýarlar.

Lebaply daýhanlaryň suw üpjünçiligi bilen bagly şikaýatlary, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda 2021-nji ýylda ýurduň regionlarynda peýdalanyljak suwuň çäklendirilen möçberini tassyklamagyna gabat gelýär. Resmi maglumata görä, bu Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen kabul edilipdir.

Mundan başga-da, türkmen hökümeti we mediasy ýurtda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny aýdýar. Emma bu ugurda alnyp barylýan anyk işler barada hasabat bilen çykyş etmeýär.

Şol bir wagtda, halkara guramalary, şol sanda BMG Türkmenistanda suw resurslaryna çenden aşa agram düşýändigini duýdurýarlar. 26-njy awgustda BMG-niň resmi websaýtynda çap bolan hasabatda guramanyň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurypdy.

2019-njy ýylda Türkmenistan dünýäde aşa suw ýetmezçiliginden ejir çekýän ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edildi. Bütindünýä serişdeler instituty (WRI) tarapyndan çap edilen suw töwekgelçiligi baradaky hasabata görä, Türkmenistan aşa suw ýetmezçiligini başdan geçirýän 17 ýurduň biri boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

360: на автозаводе "Москвич" работник оказался придавлен станком весом 700 кг

В Химках больше не видно чиновников: они спрятались за зеркальным забором

Почти 40 тысяч жителей Подмосковья стали донорами крови с начала года

«Найти и удержать: пять дискуссий о маркетинге». 18 июня состоится бесплатная онлайн-конференция от Mindbox

Музыкальные новости

Победителями первого сезона шоу «Сокровища императора» на ТНТ стали Мария Миногарова и Парур Хачатуров

Глава Следкома России Александр Бастрыкин вступился за полицейского, которого выживают из МВД за случайное уbийство азербайджанца

"Евро-Футбол.Ру": "Спартак" летом купит форварда только в случае ухода Соболева

«Эмоции нужно выражать культурно»: рэпер Звонкий — о политических взглядах, зрителях и хорошем вкусе

Новости России

У марки Oting появился центральный склад запасных частей

Дорожники Подмосковья отремонтировали пешеходные ограждения в 7 округах

Житель Раменского выстрелил в своего знакомого во время ссоры

Песни и хороводы. Полная программа Дня России-2024 в Барнауле

Экология в России и мире

Фильм для всей семьи «Голос из космоса» при поддержке Детского радио

Таджикистан

Пошив костюма по индивидуальным размерам

Об отношении к русским в Азербайджане

Спорт в России и мире

Тарпищев о Медведеве и Рублеве: без травм сыграют в Париже лучше, чем в Токио

Джокович обратился к Алькарасу после победы на «Ролан Гаррос»

Ига Свентек в четвертый раз выиграла Открытый чемпионат Франции по теннису

Калинская поддержала Синнера после поражения на "Ролан Гаррос"

Moscow.media

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Родители 308,9 тысячи детей в Московской области получают единое пособие

Греф устроил разнос таксистам. Конфликт попал на видео

Торговые настольные электронные весы CAS PR-15P

Мост в Нагатинском затоне соединил берега







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *