Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Näme üçin döwlet mediasy Berdimuhamedowyň BMG ýüzlenmesini iki gün giç berdi?

21-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde öňünden ýazgy edilen wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi. Bu wideo ýüzlenme 21-nji sentýabr güni BMG-niň YouTube kanalynda dolulygyna çap edildi. Guramanyň resmi websaýty hem türkmen prezidentiniň çykyşy barada sişenbe güni habar berdi.


Ýöne näme üçindir Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) Gurbanguly Berdimuhamedowyň Baş Assambleýada 23-nji sentýabr, penşenbe güni çykyş edendigini habar berýär.




Şol bir wagtda, “Biznes Türkmenistan”, “Orient” ýaly ýarym resmi habar saýtlary Berdimuhamedowyň BMG çykyşy barada 22-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen öýlän sagat 4-lerden soň habar berdi.


Onda näme sebäpden döwlet media serişdeleri Berdimuhamedowyň 21-nji sentýabrda däl-de, şondan iki gün soňra, 23-nji sentýabrda BMG-niň mejlisinde çykyş edendigini aýdýar?


Bu aralykda, maglumat üçin aýdylsa, türkmen prezidenti milletler guramasynda öňünden ýazgy edilen wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi.


Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky ygtybarly çeşmesi bu wideo ýüzlenmäniň bir hepde gowrak mundan ozal ýazgy edilendigini habar berdi.


Azatlyk Radiosy döwlet telewideniýesiniň 23-nji sentýabr habarynyň aňyrsyndaky mümkin bolan ýagdaýlar ýa-da sebäpler boýunça Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Brýus Panniýere mikrofon uzatdy.


Analitik Türkmenistan ýaly ýapyk ýurtda bu ýagdaýyň sebäplerini çaklamagyň çetindigini nazarda tutup, döwlet telewideniýesiniň habarynyň iki ýagdaýdan ugur alýan bolmagynyň ahmaldygyny çaklady.


Ýa türkmen resmileri Berdimuhamedowyň BMG çykyşy barada wagtynda habar bermegi ýatdan çykardylar, ýa-da munuň aňyrsynda döwlet mediasynyň Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýynyň gowudygy, onuň öz işiniň başyndadygy barada köpçüligi ynandyrmak synanyşygy bar. Ýöne, analitik, döwlet telewideniýesiniň iş ýörediş şertlerini göz öňünde tutup, birinji ähtimallyk teoriýasynyň tas mümkin däldigini sözüne goşdy.


Panniýere görä, döwlet mediasy Berdimuhamedowyň öz işiniň başyndadygy barada köpçüligi ynandyrmaga synanyşmak bilen onuň saglyk ýagdaýynyň ýene-de ýaramazlaşandygy barada çykan habarlary ýalana çykarmaga synanyşýar.


“Ahmal, döwlet mediasy Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýy barada çykan myş-myşlary basyp ýatyrmak üçin onuň [BMG-däki çykyşy barada] 21-nji sentýabr güni däl-de, 23-nji sentýabrda habar beren bolsa gerek" diýip, Panniýer aýtdy.




Bu habar bilen döwlet mediasy, analitige görä, Berdimuhamedowyň düýn, penşenbe güni öz işiniň başyndadygy, onuň Birleşen Milletler Guramasynda ýygnaga gatnaşandygy barada Türkmenistanyň içinde pikir döretmäge synanyşýar.


Has ozal, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy Berdimuhamamedowyň ýene koma düşendigi baradaky habarlary ret etdi. Russiýanyň "RIA Nowosti", "RBK" ýaly habar neşirleri Moskwadaky türkmen ilçihanasyna salgylanyp, bu barada habar berdi.


"Habar beriş serişdeleriniň birnäçesiniň, hamala, Türkmenistanyň prezidentiniň saglygynyň ýaramazlaşandygy barada beren habarlary düýbünden ygtybarsyz we hakykata gabat gelmeýär" diýip, “RBK” neşiri 21-nji sentýabrda Moskwadaky türkmen diplomatik missiýasynyň wekilleriniň beýanatyny sitirledi.


Berdimuhamedowyň dolandyryşy döwründe dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birine öwrülen Türkmenistanyň prezidentiniň saglygynyň ýaramazlaşandygy baradaky gürrüňler mundan öňem birnäçe gezek peýda boldy. Olara prezidentiň jemgyýetçilik gözünden ýitirim bolmagy sebäp boldy.


Has anygy, Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň iýul-awgust aýlarynda birden bir aý töweregi il gözünden ýitirim boldy we bu onuň agyr hassadygy, hatda ölendigi baradaky gürrüňleriň ýaýramagyna sebäp boldy.


Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi 23-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Berdimuhamedowyň çykyşynyň uly üns bilen diňlenendigini aýtdy.


Şu günler türkmen hökümeti Halk Maslahatynyň 25-nji nji sentaýrbda geçiriljek mejlisine we 27-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *