Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabat: Gara bazarda dollar 24 manada çenli arzanlady

Aşgabat: Gara bazarda dollar 24 manada çenli arzanlady

Aşgabatda dollaryň gara bazardaky nyrhy ýene belli bir derejede arzanlap, durnuksyzlygyny saklaýar. Şol bir wagtda, paýtagtyň bazarlarynda azyk we senagat harytlarynyň bahalary gymmatlygyna galýar. Bu aralykda, paýtagtyň häkimiýetleri subsidirilenen azyk önümlerini almak isleýän raýatlardan öý kitapçasynyň nusgasyny talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berýär.

 

27-nji sentýabrda paýtagtda walýutanyň gara bazarynda bir dollaryň alyş-çalyş bahasy 24 manada çenli arzanlady. 

Garaşsyz "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri 26-njy sentýabrda Aşgabadyň gara bazarynda bir dollaryň 25 manat 50 teňňeden satyn alynandygyny we 26 manatdan satylandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklaýan mahaly, walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasy birnäçe ýyl bäri durnuksyz bolmagynda galýar.

Bu durnuksyz ýagdaý soňky üç hepdäniň dowamynda has-da güýçlenip, dollaryň gara bazardaky nyrhy duýdansyz 30% arzanlady, soňra-da gaýtadan ýokarlandy:

16-njy sentýabrda paýtagtda bir dollaryň alyş-çalyş bahasy 28 manat 50 teňňä çenli aşaklady.

10-njy sentýabrda Aşgabatda dollaryň bahasy 30 manat 40 teňňä, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 32 manada çenli gymmatlapdy.

6-njy sentýabrda dollaryň gara bazar bahasy ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Mary we Türkmenbaşy şäherlerinde duýdansyz 22 manada çenli aşaklady. 

Mundan ozal ýurduň gara bazarlarynda bir dollar 34 manat töwereklerinde bahalanýardy. Aprel aýynda dollaryň manada bolan gatnaşygy rekord derejä ýetip, bir dollar 41 manada çenli ýokarlanypdy.

Türkmen häkimiýetleri bikanun walýuta söwdagärleriniň saklanandygyny aýdyp, olary wagtal-wagtal telewideniýede görkezýär. Galan wagty olar özlerini ýurtda walýutanyň gara bazary hereket etmeýän ýaly alyp barýar.

 

Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan bank işgärleri, synçylar we walýuta söwdagärleri gara bazaryň we ondaky nyrhyň resmi Aşgabada garaşlydygyny aýdýarlar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan bir bank işgäri walýutanyň gara bazarynda milli manadyň alyş-çalyş hümmetiniň güýçlendirilmeginiň sebäbiniň prezidentiň ogly we wise-premýer Serdar Berdimuhamedow bilen baglanyşyklydygyny belleýär.

"Häkimiýetler Serdar Berdimuhamedowyň maliýe pudagyna ýolbaşçy bellenilmegi bilen, ýurtda ykdysady ýagdaý gowulaşýan ýaly edip görkezmek we kiçi Berdimuhamedowyň abraýyny ýokarlandyrmak isleýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran bir bank işgäri 27-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, Serdar Berdimuhamedow, ýurtdaky ýiti maliýe çökgünliginiň arasynda, 9-njy iýulda Ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary toplumyna ýolbaşçy bellenildi.

Habarçymyz gara bazarda dollaryň bahasy arzanlaýan bolsa-da, azyk önümleriniň, durmuş enjamlarynyň ýa-da awtoulag üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň bahasynyň gymmat bolmagynda galýandygyny aýdýar.

Bu aralykda, paýtagtyň häkimiýetleri subsidirilenen azyk önümlerini almak isleýän raýatlardan öý kitapçasynyň nusgasyny talap edýär. Döwlete degişli dükanlaryň müdirleri bu nusgany tabşyrmadyk ýaşaýjylara subsidirlenen azyk önümleriniň satylmajakdygyny duýdurýarlar.

"Dükan müdirleri özlerine degişli jaýlaryň ýaşaýjylaryndan öý kitapçasynyň nusgasyny, şol sanda şol jaýda näçe adam hasaba duran bolsa, olaryň sanawyny ýygnaýarlar. Olar bu maglumatlary Magtymguly köçesinde ýerleşýän söwda müdirligine tabşyrýarlar" diýip, dükan müdirleriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ol bu maglumatlaryň müdirlikden soňra Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine iberilýändigini belläp, subsidirilenen azyk önümleriniň dogry paýlanyşyna ministriň hut özüniň göz ýetirmek isleýändigini aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, dollar we azyk gymmatçylygynyň arasynda, ilata azygyň çäkli görnüşlerinden we sanyndan ybarat iýmit önümleri subsidirlenen bahadan satylýar. Soňky ýyllarda bu önümleriň kadaly üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler saklanyp galýar.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Арсений Вейс: Из Ховрина удобно ездить к маме

Shot: актрису Заворотнюк в последнее время лечили бесплатно в частной клинике

Инвестор + стартапер: форум U-NOVUS проходит в Томске

Распределяй и управляй: водители «Грузовичкоф Бизнес» – о преимуществах работы и трудовых буднях  

Музыкальные новости

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» спасает население от борьбы с перенаселением, 3 серия, СЕРЬЁЗНЫЙ НОВОСТНОЙ СЕРИАЛ.

"СВЯТОЙ ЛЕНИН" раскрыл загадку В.В. Жириновского и В.Г. Мессинга. СЕНСАЦИОННЫЕ ДАННЫЕ!

Почта России помогла ребёнку из Ижевска, подопечному благотворительного фонда, встретиться с футболистами ЦСКА

ONYX отправляется в Большой тур по России

Новости России

Распределяй и управляй: водители «Грузовичкоф Бизнес» – о преимуществах работы и трудовых буднях  

Нарушения ПДД электросамокатчиками зафиксируют специальные видеокамеры

Арсений Вейс: Из Ховрина удобно ездить к маме

Инвестор + стартапер: форум U-NOVUS проходит в Томске

Экология в России и мире

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

Третья Московская неделя моды: масштабное событие с участием дизайнеров из России и мира пройдет в октябре

С чем носить брюки палаццо: примеры образов

В исторических парках покажут любимые мультфильмы от СТС Kids ко Дню защиты детей

Спорт в России и мире

Соболенко победила на старте открытого чемпионата Франции по теннису

Теннисистка Петрова: Карацеву не хватает игровой уверенности

Парижские сюжеты: Медведев играл в кошки-мышки, Котов творил историю, Калинская заставляла нервничать Синнера

Надаль пропустит Уимблдон из-за желания сыграть на Олимпиаде

Moscow.media

Удаленная настройка охранных комплексов StarLine

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

Распределяй и управляй: водители «Грузовичкоф Бизнес» – о преимуществах работы и трудовых буднях  

Муруджинские озера







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *