Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen prezidenti sapardan öň Özbegistandan import etmeli harytlary köpeltdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurda etjek iki günlük resmi saparynyň öňüsyrasynda Özbegistanda öndürilýän önümleri satyn almak üçin şertnama baglaşmak hakyndaky kararlara gol çekdi.


Prezidentiň kararyna görä, Türkmenistan 2022-2025-nji ýyllar aralygynda Özbegistandan 512 000 tonna fosforit ununy; 2022-2026-njy ýyllar aralygynda bugdaýyň haşal otlaryna we kesellerine, gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleri import eder.


Şeýle-de Aşgabat Daşkentden, öňki ýyllarda bolşy ýaly, oba oba hojalyk gurallaryny we traktor tirkeglerini import etmegini dowam etdirer.


“Trend” neşiriniň türkmen mediasyna salgylanyp ýazmagyna görä, ol 4-5-nji oktýabr aralygynda Özbegistanda saparda bolar.


Saparyň dowamynda birnäçe çäräniň, şol sanda Türkmen-Özbek ykdysady forumynyň hem geçirilmegine garaşylýar.


Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýakyn geljekde 1 milliard dollar möçberine ýetirmegi niýet edinýär.


Şeýle-de taraplaryň serhet ýakasynda söwda zonasyny döretmek meselesine seretmegine garaşylýar.


TDH-nyň ýazmagyna görä, iki ýurduň resmileri ýakynda oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny, mineral dökünleri, ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri satyn almaga gönükdirilen gepleşikleri geçirdi.


Mundan öň ýurtda gurlan dökün kärhanalarynyň içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, esasy önümini daşarky bazarlara eksport edýändigi habar berlipdi.


Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, özbek daýhanlaryndan tapawutlylykda, türkmen daýhanlary zyýanly mör-möjekleriň, hususan-da çekirtgeleriň garşysyna göreşmek üçin zerur bolan himiki serişdeler bilen ýeterlik üpjün edilmeýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *