Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gürjüstanlylar öňki prezidentiň tussag edilmegi bilen dörän dartgynlylykda ses berýär

Gürjüstanlylar iki bölünen Günorta Kawkaz ýurdunda dolandyryjy “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasyna referendum hökmünde garalýan ses berişlikde, tutuş ýurt boýunça häkimler we ýerli geňeşler üçin ses berýär.


2-nji oktýabrda geçirilýän ses berişlik bosgunlykda ýaşaýan öňki prezident Mihail Sakaşwili saýlawyň öňüsyrasynda, oppozisiýany jemlemek we proteste çagyrmak üçin dolanyp gelmezinden hem-de birnäçe sagat içinde tussag edilmezinden öňem çekeleşikli boljaga meňzeýärdi.


2018-nji ýylda gaýybana iş kesilen we soňky ýyllarda Ukrainada ýaşaýan Sakaşwili hepdäniň başynda, türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna garamazdan, saýlaw wagtynda ýurduna dolanmak meýlini yglan etdi. Ol bu planyny "ýurdy halas etmäge" kömekleşmek islegi bilen düşündirdi.


Saýlawçylar 64 häkimligiň häkimleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş geňeşleriniň 2100-e golaý agzasy üçin ses berýärler. Tbiliside 16 kandidat paýtagt ýolbaşçylygy üçin bäsleşýär.


Ýerli saýlawlar “Gürjüstanyň arzuwynyň” geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen parlament saýlawlarynda gazanan ýeňşinden bäri dowam edýän syýasy krizise gabat geldi.


Oppozisiýa partiýalary şonda ses berişligiň adalatsyz we galp bolandygyny aýtdy. Emma halkara synçylary ses berişligiň bäsleşikli we, umuman alnanda, esasy azatlyklara hormat goýmak bilen geçirilendigini öňe sürdüler.


Birleşen Milli Hereketi esaslandyran Sakaşwiliniň tussag edilmegi birnäçe ýyl bäri syýasy durnuksyzlyk bilen göreşýän ýurtda tolgunyşyk döretjege meňzeýär.


Gürjüstanyň raýatlygyndan mahrum edilen Sakaşwili tussag edilmezinden ozal Facebookda ýerleşdiren wideosynda öz tarapdarlaryny Birleşen Milli Herekete ýa-da "Gürjüstanyň arzuwyna" garşy çykýan kiçi partiýalara ses bermäge çagyrdy.


"Hemmeler saýlaw uçastogyna gitmeli we ses bermeli, 3-nji oktýabrda bolsa biz Erkinlik meýdançasyny (Tbilisiniň merkezinde) doldurmaly. 100,000 adam toplansa, hiç kim bizi ýeňip bilmez" diýip, Sakaşwili aýtdy.


"Görýäňizmi, bu ýere gelmek üçin men ähli zadymy, janymy, erkinligimi, hemme zady töwekgelçilige saldym. Men sizden diňe bir zat isleýärin, saýlawa baryň" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Sakaşwiliniň uzak wagtlyk garşydaşy, prezident Salome Zurabişwili 1-nji oktýabrda eden çykyşynda öňki prezidenti "hiç haçan bagyşlamajakdygyny" aýdyp, ony ýurdy durnuksyzlaşdyrmak synanyşygynda aýyplady.


Biraz soň çap edilen wideoýazgyda ol raýat çaknyşyklary döwrüniň geçendigini aýdyp, raýatlary parahatçylykly ses bermäge we dawa-jenjellerden gaça durmaga çagyrdy, bidüzgünçilikleri ýaýratmaga garşy duýduryş berdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *