Türkmenistan ykdysady çökgünligiň arasynda aýlyklary ýene 10% artdyrýar
Berdimuhamedowyň 8-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol goýan dokumentine laýyklykda, ýurt boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 1 müň 50 manat möçberinde kesgitlendi.
Mundan başga-da, geljek ýyldan başlap:
“Beýik Watançylyk urşuna” gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1 müň 710 manat möçberinde;
“Beýik Watançylyk urşuna” gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 500 manat möçberinde;
Pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 410 manat möçberinde;
Döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy hem 390 manat möçberinde belleniler.
Türkmen hökümeti her ýyl aýlyklary 10% ýokarlandyrýandygyny aýdýar, ýöne harytlaryň näçe göterim gymmatlaýandygyny agzamaýar. Türkmen metbugatynyň bolçulyk baradaky tekrarlamalaryna garamazdan, ýurtda ozaly bar bolan harytlaryň bahalary arzanlaman, yzygiderli ýokarlanýar.