Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Liwiýada garşylykly taraplar daşary ýurtly söweşijileri çykarmak baradaky ylalaşyga gol goýdular

Liwiýada garşylykly taraplar uruşdan ejir çekýän ýurtdan daşary ýurtly söweşijileri we hakyna tutma ýaraglylary çykarmak boýunça deslapky ylalaşyga gol goýdular diýip, BMG-niň araçylary mälim etdiler.


BMG-niň missiýasynyň 9-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, her tarapdan bäş adamyň gatnaşmagyndaky 10 agzadan ybarat bilelikdäki harby komissiýa, BMG-niň howandarlygyndaky Ženewada geçirilen üç günlük gepleşikleriň netijesinde, “tapgyrlaýyn we aram” ylalaşyga gol goýdy.


BMG-niň Liwiýa boýunça ýörite wekili Ýan Kubis bu ylalaşygyň “Liwiýa halkynyň uly talabyna jogapdygyny, şeýle-de häzirki oňaýly pursadyň durnukly we demokratik tapgyra geçmek üçin mümkinçilik döredýändigini” belledi.


Mundan 10 ýyl ozal NATO-nyň goldan aýaklanmasy netijesinde Liwiýanyň uzak wagtlyk diktatory Muammar Gaddafi häkimiýetden çetleşdirilenden soň, ýurt haosy we konflikti başdan geçirýär. Ýurduň gündogarynda we günbatarynda ýerleşýän administrasiýalar birek-biregi bilen söweşýärler, olary dürli daşarky güýçler we harby toparlar hem goldaýarlar.


Liwiýa häzir ikä bölünen ýagdaýda. Bir tarapdan BMG tarapyndan goldanylýan Tripolidäki “Milli Ylalaşyk Hökümeti”, onuň arkasyny Türkiýe hem Katar tutýar; beýleki tarapdan bolsa, Russiýanyň, Müsüriň we Birleşen Arap Emirlikleriniň goldaýan Halifa Haftaryň administrasiýasy dur.


Awgustda Russiýanyň borçnamalaýyn şertnamaçylarynyň Liwiýadaky graždançylyk urşundaky “möhüm” roly barada žurnalistiki derňew çykdy. Maglumatda olaryň Liwiýada uruş jenaýatlaryna dahyllydygy, şeýle-de Russiýanyň harbylary bilen hem ilteşiginiň bardygy nygtalýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *