Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Talyban” YD garşy göreşinde ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýdýar

“Talyban” Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň şahamçalaryna we beýleki ekstremistiki toparlara garşy göreşinde ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýtdy.


9-njy oktýabrda “Talybanyň” syýasy metbugat wekili Suhail Şahin AP habar gullugyna “Yslam döwleti” toparynyň arapça akronimini ulanyp: “Biziň Daeşi özümiziň garaşsyz ýagdaýda agdarmaga mümkinçiligimiz bar” diýip, belledi.


9-10-njy oktýabr aralygynda Kataryň paýtagty Dohada ABŞ resmileri Birleşen Ştatlaryň goşunlaryny Owganystandan çykaranyndan soň, şeýle-de  awgustda aşa berk yslamçy toparyň uruşdan ejir çekýän ýurduň häkimiýetini eýeläninden soň, “Talyban” wekilleri bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gepleşikleri geçirýärler.


ABŞ resmileri gepleşikler barada häzirlikçe hiç hili maglumat bermediler.


“Talybanyň” häkimiýeti eýelenäninden soň, toparyň liderlerine we beýlekilere garşy ganly hüjümler amala aşyryldy. Olaryň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” toparynyň ýerli şahamçasy “Yslam Döwleti-Horasan” atly topar öz üstüne aldy.


8-nji oktýabrda Gunduzda, “Yslam Döwleti-Horasan” toparynyň amala aşyrandygyny aýdýan, şaýy metjidine edilen bombaly hüjümde ýüzlerçe adam öldi we ýaralandy.


Katardaky gepleşiklere gatnaşýan taraplaryň ikisi-de maslahatyň dowamyndaky esasy meseleleriň arasynda ekstremistiki toparlara garşy durmak meselesiniň hem bardygyny aýtdy. ABŞ “Talybana” ýurtdan çykmak isleýän daşary ýurtly we ýerli raýatlaryň öňüne böwet bolmazlygy ugrunda basyş edýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *