Polisiýa Norwegiýadaky hüjümde daniýaly adamyň güman edilýändigini aýdýar
13-nji oktýabr agşamy paýtagt Oslodan 68 km günorta-günbatarda ýerleşýän şäheriň dürli ýerlerinde bolup geçen hüjümlerde polisiýa işgäri bilen birlikde iki adam ýaralandy.
Polisiýa bu hüjümiň mümkin bolan sebäpleri barada hiç zat aýtmady.
Bu hüjüm Norwegiýada 2011-nji ýylda, aşa sagçy ekstremist Anders Behring Breýwik 77 adamy öldüreli bäri guralan iň erbet zorluk boldy. 2011-nji ýylda öldürilenleriň köpüsi ýaşlar lagerindäki ýetginjekler bolupdy.
Derňewçiler bu hüjümleriň terrorçylyk hereketine degişlidigine ýa däldigine seredýärler.
Aklawçysynyň aýtmagyna görä, polisiýa şübheli adamy sorag edýär we ol häkimiýetler bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Hüjümden soň Norwegiýada adatça ýaragsyz polisiýa işgärlerine bütin ýurt boýunça ýarag götermek tabşyryldy.