Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen türmesinde agyr ýagdaýdaky aktiwist Mansur Mingelowyň maşgalasy öýünden çykarylýar

Türkmen türmesinde agyr ýagdaýdaky aktiwist Mansur Mingelowyň maşgalasy öýünden çykarylýar

Türkmenistanda tussag edilen aktiwist Mansur Mingelowyň maşgalasyna basyş edilýär. Aktiwistiň ene-atasy öýlerinden kowulýar diýip, Turkmen.news 13-nji oktýabrda habar berdi.

Türkmen.news neşiriniň maglumatyna görä, koloniýa tussaghanasynyň lukmançylyk bölüminde agyr ýagdaýda ýatan adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Mansur Mingelowyň Türkmenistandaky garry ene-atasy we beýleki maşgala agzalary öýlerinden çykarylýar.

Habara görä, tussag aktiwistiň kakasyna maşgalanyň ençeme ýyl bäri ýaşamak üçin ýaramly bolmadyk jaýy eýeleýändigi barada resminama gowşurylypdyr. Şeýle-de bolsa, başga alternatiwa teklip edilmändir.

Türkmenistanda ýaşaýan buluçlaryň hukuklaryny goraýjy Mansur Mingelow syýasy matlaply birnäçe aýyplama esasynda 2012-nji ýylda 22 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Mingelow berk režimli koloniýada ýerleşýär.

Ýaňy-ýakynda Mansuryň kakasy Usen Mingelowa, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň "Türkmenistan" daýhan birleşiginiň administrasiýasyndan habar gowuşdy. Birleşigiň müdiri Atajykow tarapyndan gol çekilen resminamada maşgalanyň eýeleýän jaýynyň we ulanýan ýer böleginiň daýhan birleşiginde hasaba alynmandygyny we ýaşamak üçin ýaramly däldigini aýdýar. Bu barada Türkmen.news, Mansur Mingelowyň ABŞ-da ýaşaýan daýzasy Nurjan Suzere salgylanyp habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda Mingelowlaryň ýaşaýyş jaýyny we ýeri boşatmagy tabşyrylypdyr. Bolmasa, olar babatynda "ulanylýan kanunlara laýyklykda" jogapkärçilige çekilmek bilen haýbat atylýar. Şol bir wagtyň özünde, habarda maşgalanyň näçe wagtda jaýy terk etmelidigi görkezilmeýär.

Türkmen.news "bu, häkimiýetleriň garyndaşlarynyň tussaga zerur bejergi berilmegini sorap, edýän synanyşyklaryna jogapdan başga zat däl" diýip ýazýar.

4-nji oktýabrda neşir Mansuryň inçekeseliň netijesindäki ostiomiýelit we bedeniň umumy zäherlenmegi bilen bagly hassalyklar bilen welaýatynyň berk režimli koloniýasynyň LB-K / 11 lukmançylyk bölümine äkidilendigini habar beripdi.

2012-nji ýylda tussag edilen bendiniň aýagy döwlüp, indi çüýräp başlapdyr. Lukmançylyk bölüminde zerur dermanlar ýok we garyndaşlaryna COVID-19 karantini bahanasy bilen tussaga derman ugratmagyna rugsat berilmeýär. Umuman aýdylanda Mansury halas etmek üçin ony has ganymat hasaplanýan Mary welaýatynyň MR-B/15 türme hassahanasyna geçirmeli. Mingelow şol ýerde 2018-nji ýylda bir gezek halas edilipdi, diýip neşir ýazýar.

Turkmen.news neşiriniň Lebap welaýatyň kanun goraýjy edaralaryna ýakyn çeşmelere salgylanyp, habar bermegine görä, Mingelowyň saglygy baradaky hasabat çap edilenden soň, onuň MR-B/15-e geçirilmegi meselesi gozgalypdy. Tussagyň ýanyna Aşgabatdan MHM-niň işgärleri baryp, ony surata düşüripdir. Emma soňra jogapkär adamlar öz pikirlerini üýtgedip, ony keselhana geçirmegiň ýerine maşgala basyş etmek kararyna gelen bolmagy mümkin.

Mansur indi LB-K / 11 türme keselhanasynda galýar. Ol gaty agyr ýagdaýda we taýak ulanyp, zordan ýöräp bilýär. Tussagyň daýzasy Nurjan Suzeriň sözlerine görä, garyndaşlary eýýäm ähli dermanlary, şeýle hem azyk we eşik satyn alyp taýýarlapdyrlar. Ýöne olara koronawirus howpy bilen düşündirilýän sebäpli Mary welaýatyny terk etmäge rugsat berilmeýär. Öň posylkalary eltip berýän adamlara indi koloniýanyň derwezesine barmaga-da rugsat berilmeýär. Türkmen.news neşiriniň 13-nji oktýabrda habar bermegine görä, häkimiýetler "problemaly" tussagyň ölmegine sowukganlylyk bilen garaşýarlar.

Mansur Mingelowyň agyr ýagdaýy 8-nji oktýabrda Wenada Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleriniň geçiren ýygnagynda hem gozgaldy, şeýle-de, sentýabryň ahyrynda Nýu-Ýorkda we Waşingtonda geçirilen demonstrasiýalarda edilen çykyşlarda öňe sürüldi. Protestçiler halkara jemgyýetçiligine çagyryş edip, adam hukuklarynyň bozulmagy we syýasy tussaglaryň, şol sanda Mansur Mingelowyň ýagdaýyna ünsi çekmäge synanyşdy.

Mansur Mingelow 2012-nji ýylda, doganynyň neşe gaçakçylygynda aýyplanmagy bilen baglanyşykly tussag edilende, özüniň urlup-ýenjilmegini ünssüz galdyrmazlyk kararyna gelende, 22 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Mingelow Türkmenistanyň prezidentine, prokuratura, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna we ÝHHG-niň edarasyna ugradan materiallarynda diňe bir urulmagy bilen bagly meseläni gozgamak bilen çäklenmän, eýsem etniki buluçlaryň gynalmagy bilen baglanyşykly beýleki materiallary hem iberipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Эксперт Руда рассказала, как правильно ухаживать за бровями

«Солнце Москвы»: кто чаще всего катается на колесе обозрения

Жители Балашихи смогут пройти осмотр в передвижном акушерском пункте 1 июня

Международный день защиты детей: какие мероприятия будут проходить в Москве 1 июня 2024 года  

Музыкальные новости

«Райский цветник» Бакиханова и азербайджанские фальсификации. ВИДЕО

Олег Рой и Дарья Донцова высказались о необходимости масштабирования опыта Башкортостана в проведении книжных фестивалей

Путин запретил списывать пенсии детей-инвалидов при взыскании долгов

"СВЯТОЙ ЛЕНИН" раскрыл загадку В.В. Жириновского и В.Г. Мессинга. СЕНСАЦИОННЫЕ ДАННЫЕ!

Новости России

Вы не скажете, как сказать по английски "Прошу политического убежища"?

Новую школу на 600 мест откроют в поселке Заречье Одинцовского округа в 2024 г

Последний сериал с Заворотнюк никогда не выйдет в эфир

Мужчина погиб в результате удара молнией в Балашихе

Экология в России и мире

Всеармянский союз «Гардман-Ширван-Нахиджеван» осуждает лживое заявление президента Азербайджана Алиева

Представители KAMA TYRES приняли участие в 57-й легкоатлетической эстафете

Раскрыт секрет, как и где отдохнуть в России летом за 11 тыс. рублей

Третья Московская неделя моды: масштабное событие с участием дизайнеров из России и мира пройдет в октябре

Спорт в России и мире

Кецманович отказался от борьбы в игре с Медведевым на "Ролан Гаррос"

Итальянская забастовка: Рублёв, Котов и Самсонова вылетели с «Ролан Гаррос», Потапова обыграла Ван Синьюй

Елене Рыбакиной поставили неожиданный «диагноз»

В России отреагировали на "скрытую баранку" и достижение Рыбакиной на Ролан Гаррос

Moscow.media

НА ДЕТСКОМ ФЕСТИВАЛЕ ИСКУССТВ «НЕБО» СОСТОИТСЯ 5 ПРЕМЬЕР И ПОКАЖУТ НОВИНКИ ОТ ВЕДУЩИХ МОСКОВСКИХ ТЕАТРОВ

Губернатор ХМАО Комарова объявила, что уходит в отставку

ТСД промышленного класса Saotron RT-T60

Лето в урочище Кокоря







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *