Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanlylar hakyky Garaşsyzlyk gününi ýatlaýarlar

Türkmenistanlylar hakyky Garaşsyzlyk gününi ýatlaýarlar

Şu gün, 27-nji oktýabr türkmenistanlylaryň köpüsiniň arasynda 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolan Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň yglan edilen güni, şeýle-de ozalky SSSR-iň düzüminde häzirki zaman türkmen döwletiniň düýbüniň tutulan güni hökmünde ýatlanylýar. Bu taryhy sene 26 ýyl soň, öň hiç kimiň ýadynda düşmejek bir güne, 27-nji sentýabra geçirilip, 2018-nji ýyldan bäri bir aý öňünden bellenilýär we 27-nji oktýabr güni bilen bagly möhüm taryhy wakalar metbugatda asla ýatlanylmaýar.

Azatlygyň habarçylarynyň Garaşsyzlygyň 26 ýyllygynyň bellenýän wagtynda beren habarlaryna görä, 2017-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda bu taryhy senäni üýtgetmek, ýagny Türkmenistanyň ikinji prezidentiniň başlangyçlary esasynda geçirilen sport çäresi bilen baglamak kararyna gelindi.

Hökümet tankytçylarynyň pikiriçe, 2017-nji ýyldaky sport çäresi bilen bagly uly gurluşyklar Türkmenistanda dowam edýän häzirki ykdysady kynçylyklaryň bir sebäbi boldy.

1991-nji ýylda “Türkmenistan” aksioner täjirçilik bankynyň başlygy bolan Hudaýberdi Orazowyň pikiriçe, respublikalaryň Moskwa bilen aýrylyşan döwri bir tarapdan gaty çylşyrymly bolan bolsa, ikinji tarapdan hakykatyň, ozal “Moskwanyň dotasiýasynda oturan” diýip bilinýän Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleriniň iş ýüzünde açyk bilnip başlan ýyly boldy.

“Adamlar, kärhanalar, kolhozlar bir topar gurluşyk [işlerine] başladylar, bir topar zat satyn alyp başladylar, goňşy respublikalardan Türkmenistana gelip, işläp başladylar. [Şol döwür] hakyky Türkmenistanyň mümkinçiligini görkezdi, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň, Türkmenistan ýurdunyň mümkinçiligini görkezdi” diýip, H. Orazow Azatlyk bilen eden telefon gürrüňinde aýtdy.

Ýöne ol hökümetdäki eden-etdilikler bu ykdysady mümkinçilikleri ‘püçege çykardy’ diýip pikir edýär.

Ykdysatçynyň pikiriçe, garaşsyzlyk senesiniň üýtgedilmegi hem şol eden-etdiligiň dowamy bolup, munuň üçin ozaly ony üýtgedenler utanmaly.

“Ol güni [27-nji oktýabry] üýtgedeýin diýip üýtgedip bolmaýar, Türkmenistan öz täze taryhynda 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ýurt boldy. Ýadyňyzda bolsa, Nyýazowam bu meseläni bir çaýkap gördi, ýöne şolam düşündi şony edip bolmaýandygyna. Ýöne häzirkiler şoňa düşünip, eger üýtgetseler, ýene öňki ýerine getirseler, özleri üçin gowy bolardy” diýip, Orazow öz pikirini aýtdy.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally hem 27-nji oktýabr senesiniň üýtgedilmegini nädogry hasaplaýar. Onuň pikiriçe, bu gün türkmen halkynyň “bagtynyň çüwen güni, örän uly, çuňňur manyly gün” bolup durýar.

“1924-nji ýylda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasyny, ýagny Türkmenistan döwletini döretmeli diýip karar çykdy, şol kararam türkmen halkynyň maňlaýyndan diredi, bu ägirt uly waka, ägirt uly syýasy çäre boldy” diýip, ýazyjy aýtdy.

Onuň pikiriçe, dünýäde türkmen halkyndan has köp sanly, has ukyply milletleriň arasynda-da, asyrlap göreşip, öz döwletini döredip bilmeýän halklar bar.

“Bu örän uly, gaty uly, çuňňur manyly gün. Ol 27-nji oktýabrda bellendi, taryhda-da hut şol günde galar” diýip, H.Hally Azatlyk bilen telefon gürrüňinde aýtdy.

Azatlygyň ýerli habarçysy bu günüň raýatlaryň arasynda aýratyn manysynyň bardygyny, lebaplylaryň 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabryny türkmen serhetleriniň bellenip, Türkmenistanyň döredilen güni hökmünde ýatlaýandyklaryny habar berýär.

Şeýle-de, Türkmenabatdaky habarçymyzyň ýazmagyna görä, 27-nji oktýabr adamlaryň aňynda we ýüreginde Garaşsyzlyk güni hökmünde orun aldy, Berdimuhamedowyň şahsy başlangyçlary bilen baglylykda, 27-nji oktýabrda bellenen taryhy Garaşsyzlyk gününiň bäş günlük Aziýa oýunlary sebäpli 27-nji sentýabra geçirilmegi adamlarda “içki gahar, nägilelik döretdi”.

“27-nji oktýabry adamlar häzirem Garaşsyzlyk güni hökmünde ykrar edýär, kagyz ýüzünde garaşsyzlyk güni 27-nji sentýabrda bolsa-da, ol adamlaryň ruhunda 27-nji oktýabrda diýlip müdimi ýazylan ýaly” diýip, habarçy aýtdy.

27-nji sentýabry, 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlaryny bolsa köp adam Türkmenistany şu günki ykdysady çökgünlige getiren sene hökmünde ýatlaýar diýip, radionyň Lebapdaky habarçysy şu gün irden, 27-nji oktýabrda habar berdi.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sosial mediada bir-birlerini 27-nji oktýabr, Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýyşlaryndan, sentýabrda bellenen baýramçylygy boýkot edişlerinden çen tutulsa, raýatlaryň arasynda bu taryhy senäniň üýtgedilmegini oňlamadyklaryň asla az bolmandygyny aýdyp bolar. Emma türkmen häkimiýetleri bu hili sosial media meýillerine açyk reaksiýa bildirmeýär.

2019-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda, Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ondan gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen protest çäresine gatnaşan aktiwistleriň öňüni çeken Halmyrat Söýünow şol gün Azatlyga bu ýygnanyşygy Türkmenistanyň 27-nji oktýabrda yglan edilen Garaşsyzlyk güni we türkmen döwletiniň 95 ýyllygy mynasybetli gurnandyklaryny aýtdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlaryndan soň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary esasynda, tutuş halka geňeşmezden, bir aý öňe süýşürildi we 2018-nji ýyldan bäri sentýabrda bellenýär.

Emma muňa garamazdan, türkmenistanly synçylaryň köpüsi 27-nji oktýabry goşa baýram hasaplaýar. Bu hasaba görä, şu gün täze Türkmenistanyň düýbüniň tutulanyna 97, garaşsyz bolanyna 30 ýyl boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Приморье остановили пассажирский поезд из-за сообщения о минировании

Стилист Абашева: при выборе купальника важно учитывать особенности фигуры

Shot: 2 квартиры Блиновской в Москве выставили на продажу и сдачу в аренду

На выставке-форуме «Россия» пройдет Театральный фестиваль «Школьная классика»

Музыкальные новости

Полина Гагарина заявила о победе над Ольгой Кормухиной по обвинению в плагиате песни

Здравый смысл против дезинформации официозной пропаганды

Более 40 тысяч семей в Москве и области получают ежемесячные выплаты из средств материнского капитала

Младшая дочь Заворотнюк пришла на ее могилу с отцом Чернышевым

Новости России

Росатом и Татарстан продолжают расширять технологическое сотрудничество

Общественный центр построят в Солнцевском районе

Путин прислал траурный венок на похороны полярника Чилингарова

Школьник из Димитровграда поборется за поездку в Арктику

Экология в России и мире

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

Областная наркологическая больница запускает летнюю профилактическую кампанию для юных свердловчан

Условно разрешенные виды использования земельных участков

Спорт в России и мире

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Российские ракетки сообразили на троих // Даниил Медведев, Мирра Андреева и Элина Аванесян дружно вышли в 1/8 финала теннисного Roland Garros

Организм был не в состоянии: Потапова прокомментировала поражение на «Ролан Гаррос»

Теннисист Джокович побил рекорд Федерера по победам на турнирах "Большого шлема"

Moscow.media

Дизельный, рамный, с блокировками. Новый внедорожник скоро появится в России

ИИ поможет врачам предсказывать эффективность иммунотерапии у пациентов с раком

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде

Как сделать транспортно-логистическую отрасль безопаснее?







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *