Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tussaglykdaky Saakaşwili kemsidilendigini aýdansoň, Gürjüstanda has köp protestiň geçirilmegi planlaşdyrylýar

Gürjüstanda oppozisiýa partiýalary 9-njy noýabrda has köp protestleri geçirmegi planlaşdyrýarlar. Bu waka bir aý gowrak ozal açlyk yglan eden, öňki gürji prezidenti Mihail Saakaşwili türme keselhanasynda garawullar tarapyndan kemsidilendigini aýdandan bir gün soňa gabat gelýär.


Oppozisiýa partiýalarynyň käbir wekilleri we tarapdarlary 8-nji noýabrda "Azatlyk" meýdançasynda ýöriş geçirenden soň, gijäni Tbilisidäki hökümet administrasiýasynyň binasynda geçirdiler.


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gürji gullugynyň habaryna görä, irden bu sebitde birnäçe ýüz adam üýşdi we polisiýa demir böwetleri ýerleşdirdi.


Ýörişde Birleşen milli hereketiň (BMH) lideri Nika Melia Saakaşwiliniň boşadylmagyny we raýat klinikasyna iberilmegini talap etdi.


Ýörişiň öňüsyrasynda, Saakaşwili saglyk ýagdaýlary bilen bagly aladalaryň arasynda, Rustawidäki türmeden Gldani türme klinikasyna geçirildi.


8-nji noýabrda eden çykyşynda Saakaşwili klinika geleninde garawullar tarapyndan dil üsti bilen hem-de fiziki taýdan kemsidilendigini aýtdy.

Saakaşwili Facebookda ýerleşdirilen hatynda diňe öz lukmanlaryny kabul etjekdigini we türmedäki medisina işgärleri bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýtdy. Şeýle-de, ol yglan eden açlygyny “ölüme çenli” dowam etdirmegi hem wada berdi.


Birnäçe ýyl öz-özüni sürgün eden Saakaşwili ýerli saýlawlardan öň, oppozisiýa üçin kampaniýa geçirmek üçin Gürjüstana gaýdyp gelensoň, 1-nji oktýabrda tussag edildi.


2004-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli prezident bolan Saakaşwili 2013-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlaryndan gysga wagt soň ýurtdan çykdy. Oňa garşy häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda we parlamentiň oppozisiýa agzasynyň ýenjilmegi bilen bagly subutnamalary gizlemäge synanyşmakda 2018-nji ýylda gaýybana iş kesildi. Saakaşwili bu aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *