Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebapda käbir azyk harytlarynyň bahalary arzanlaýar

Lebap welaýatynda ýerli we Eýrandan, Özbegistandan import edilýän azyk harytlarynyň bahalary peselip başlady. Şol bir wagtda, Russiýadan import edilýän azyk önümleriniň gymmat bahasy saklanyp galýar. Azyk harytlarynyň bahalaryndaky soňky üýtgeşmeler baradaky habarlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Söwda-senagat edarasynyň başlygyna “käýinç” yglan eden we Türkmenistana Eýrandan ýük getirýän ulaglaryň sanynyň köpelen mahalyna gabat gelýär.

Lebabyň hususy söwda nokatlarynda göle etiniň 1 kilogramy 70 manat, balygyň 1 kilogramy 50 manat bahalanýar. Soňky birnäçe aýyň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde etiň bahasy 70-100 manada we balygyň bahasy 80-350 manada çenli ýokarlanypdy.

Ösümlik ýagynyň 1 litri 45 manat bahalanyp, mundan ozal onuň bahasy 60-65 manada deňdi. Ýurtda öndürilen süýji-köke önümleriniň 1 kilogramy hem 30 manatdan 25 manada arzanlady.

Şu günler Lebabyň söwda nokatlarynda Eýrandan we Özbegistandan import edilýän gök-bakja önümleriniň bahasy hem aşaklady. Häzir 1 kilogram alma 10 manatdan satylýan bolsa, mundan öň 15-20 manat aralygynda bahalanýardy.

Şol bir wagtda, Russiýadan import edilýän azyk önümleriniň gymmat bahasy saklanyp galýar. Russiýadan getirilýän greçkanyň 1 kilogramy 45 manat, makaronlar 30 manat bahalanýar.

Lebapdaky habarçymyz käte 80 manada çenli ýokarlanan bir guty çilimiň bahasynyň hem 50 manada çenli aşaklandygyny aýdýar. Ýöne muňa garamazdan, onuň hyrydary az.

"Çilim satyn alýan adam ýok diýsek hem bolar. Hemme adam arzan çilime öwrenişdi. 10 sany çilimi 5 manada satyn alýarlar. Bu arzan çilim alyjylaryň arasynda "Türkmen çilim" diýlip atlandyrylýar. Köp adam häzir 50 manatdan satylýan çilimiň bahasy 30 manada düşse-de, ony satyn almajakdygyny, sebäbi onda hiç hili nikatiniň güýjüniň ýokdugyny aýdýar" diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde 11-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, käbir azyk harytlarynyň bahalarynyň peselip başlandygy barada şu hepdäniň başynda Marydaky habarçymyz hem habar beripdi. Şol bir wagtda, ol unuň gymmat bahasynyň saklanyp galýandygyny aýdypdy.

Harytlaryň bahalaryndaky soňky üýtgeşmeler baradaky habarlar prezident Berdimuhamedowyň Söwda-senagat edarasynyň başlygyna “käýinç” yglan eden mahalyna gabat gelýär.

4-nji noýabrda Berdimuhamedow ýurduň ýokary derejeli söwda resmileri bilen duşuşyp, bu toplumyň ýagdaýyny maslahat etdi. Mejlisiň dowamynda resmiler, adat bolşy ýaly, uly-uly ösüş sanlaryny getirdiler. Muňa garamazdan, Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy Döwletgeldi Rejepowa “işde goýberen kemçilikleri üçin” “käýinç” yglan etdi. Döwlet mediasy söwda resmisiniň işde goýberen kemçiliklerini aýdyňlaşdyrmady.

Bu habarlaryň arasynda, ifpnews.com neşiri eýran resmisine salgylanyp, Türkmenistana Eýrandan ýük getirýän ulaglaryň sanynyň üç esse köpelendigini habar berdi.

Eýranyň Horasan Razawi welaýatynyň Sarahs şäheriniň häkimi Muhammet Reza Rajabiniň aýtmagyna görä, iki ýurduň resmileriniň arasynda gelnen soňky ylalaşyklardan soň, Eýranyň goňşular bilen gatnaşygy ileri tutmagy we Tähranyň ýakynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna goşulmagy netijesinde, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary has-da ösmäge başlady.

Onuň tassyklamagyna görä, soňky ylalaşyklardan öňki iki hepdäniň dowamynda Sarahsdan Türkmenistana günde 50 çemesi ýük maşyny geçen bolsa, serhet şertnamalary baglaşylandan soň bu görkeziji gündelik 150 ýük awtoulagyna baryp ýetdi.

Türkmenistan soňky ýyllarda agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär. Pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýapylan serhetler hem-de gurak gelen ýyl bilen baglylykda, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, şol sanda azyk gytçylygy we gymmatçylygy has ýitileşdi.

Emma türkmen häkimiýetleri ne ykdysady kynçylyklary, ne azyk gytçylygyny we gymmatçylygyny boýun alýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Ребенок, весивший 842 грамма при рождении, выписан из Видновского перинатального центра

СК: жительницу Ингушетии осудили на 4 года условно за продажу ребенка

Актёр Кирилл Гончаров: Все мы воспитаны одним человеком

Глэнтон заявил, что Егоров не продержится до конца поединка

Музыкальные новости

По благословению схиархимандрита Илия в Орловской области построена православная гимназия

"Гриша, уходи!": реакция интернет-сообщества на вылет "Урала" из РПЛ

Хуснуллин: несмотря на ставку ЦБ, приток ипотеки в стройку продолжается

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

Новости России

Летние приключения 2024: куда отправиться за незабываемыми впечатлениями?

Новый автомобиль для курьеров создали разработчики "Атома"

«Полнотекстовые и библиографические ресурсы по истории»

Подростка из Балашихи арестовали до 1 августа за попытку двойного убийства

Экология в России и мире

Chanel Resort 2025

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

3 детские зубные щетки "Ревилайн" по цене 2 в магазине "Ирригатор.ру" ко Дню защиты детей

Спорт в России и мире

Мирра Андреева обыграла представительницу Франции Грачеву на "Ролан Гаррос"

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

После поражения де Минору россиянин Медведев завершает выступление в престижном теннисном турнире

Мирра Андреева впервые вышла в четвертьфинал турнира Большого шлема

Moscow.media

Студенты Академии Игоря Крутого раскрыли свои таланты

Красноголовый солист.

Стартовал ремонт 25 км трассы Нижний Новгород – Великий Устюг в Костромской области

ТСД SAOTRON RT-T50: высокопроизводительный терминал сбора данных промышленного класса







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *