Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gaz üpjünçiligi basyş guraly hökmünde. Russiýa Günbatar bilen nähili oýun oýnaýar?

Gaz üpjünçiligi basyş guraly hökmünde. Russiýa Günbatar bilen nähili oýun oýnaýar?

Gaz geçirijisini girew düzgünine öwürmek. Ýowuz energiýa şertnamalary. Göge ýetip barýan bahalar. Ýewropada "gyş närazylygy" ýaňy başlanýar. Munuň bir sebäbi Ýewropa Bileleşiginiň energiýa syýasaty saýylýar, emma sebitiň iň uly gaz üpjün edijisi bolan Russiýanyň niýetlerine şübheler hem artýar. Mundan başga-da, rus resmileriniň aýdan sözleri-de oňa itergi berdi.

Oktýabr aýynda Moskwada geçen energiýa konferensiýasynda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň energiýa çeşmelerini ýene-de syýasy ýarag hökmünde ulanýandygy ýa-da däldigi barada berlen soraga: "Bu düýbünden manysyz, ýalan, onuň syýasy äheňli diýiläni boş gürrüň" diýip jogap berdi.

Şondan iki hepde geçensoň, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministri Russiýanyň Moldowa gaz üpjünçiligini kesmek howpuny adaty däl ýagdaýda kesgin beýan edende, "gazy ýarag hökmünde ulanmak" sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edilmegine sebäp boldy.

Tebigy gazyň bahasy rekord derejä ýetensoň, Ýewropada "gyş närazylygy" başlaýar. Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň ulanýan gazynyň 40%-i Russiýadan gelýär.

Şol wagtyň özünde rus resmileri Kremliň syýasatlaryna gönükdirilen döwlet eksport monopoliýasy bolan “Gazpromyň” anyk niýetlerine bolan şübheleri güýçlendirýär.

“Gazprom” 120 milliard dollarlyk maýasy bolan jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetidir, gözegçilik paýyna Russiýanyň hökümeti eýeçilik edýär, ol iş ýüzünde eksportdan girdeji gazanmak isleýär. Şeýle-de bolsa, gazyň bahasynyň galmagyny, iň bolmanda tomusdan bäri ýokarlanmagyny göz öňünde tutup, kompaniýa ýewropaly sarp edijileriň artýan islegini kanagatlandyrmazlyk kararyna geldi, muny käbir ýewropaly kanun çykaryjylar bazaryň gözboýagçylygy hökmünde öňe sürdüler.

“Gazprom” üçin eksportyň köpelmegi has köp gaz magistrallaryny aňladýar: mysal üçin, "Sibiriň güýji" Günorta Sibiriň üsti bilen Hytaýa ýa-da Gara deňziň aşagyndan Türkiýä we Günorta Ýewropa akdyrylýan "Türk akymy". Elbetde, “Demirgazyk akym – 2” hem bar. Tas tamamlandy diýilýän turbageçiriji nemes düzgünleşdirijilerinden gutarnykly sertifikata garaşýar. Olar bolsa bu işiň täze ýyla çenli tamamlanyp biljekdigini aýdýarlar.

Rus resmileri, şol sanda wise-premýer Aleksandr Nowak beýleki Kreml resmileri ýaly bu turbanyň gurluşyk işleriniň çalt tassyklanmagyny Ýewropa bazarlarynyň durnuklaşmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Beýle garaýyş käbir analitikler we tankytçylar tarapyndan, özara hyzmat etmekde nemes düzgünleşdiriji guramalaryny has çalt herekete gelmäge täsir etmek üçin, aýdylýan teswir diýip kabul etdiler.

Putiniň Moskwada eden çykyşyndan birnäçe gün öň, Russiýanyň Ýewropa Bileleşigindäki wekili “Demirgazyk akym – 2” proýektiniň saklanmak syýasatyny Russiýa bolan sowuk garaýyş bilen düşündirdi, şondan soň muny Putiniň özi-de öňe sürdi.

— Meseläniň düýp özeni diňe meseläniň goýluşynda. Öz garşydaşyňyzy işdeş ýoldaşyňyz hasap ediň, şonda bar zat aňsat çözüler... Haçan-da, ÝB muny amala aşyrmak üçin ýeterlik syýasy erk tapsa, olar bizi nireden tapmalydygyny bilerler – diýip, Wladimir Çižow iňlis neşiri Financial Times’e aýtdy.

“Ýokary bahalar we gazyň ýetmezçiligi üçin diňe Moskwany günäkärlemek bolmaz. Russiýa öň Ukraina we Estoniýa bilen bolan dawalarda görnüşi ýaly, müşderileriniň gowşak goralanlygyny ulanmaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady” diýip, ABŞ-nyň öňki Sowet Soýuzy döwründäki ilçisi Stiwen Sestanowiç ýazdy.

BAHALAR ÝOKARLANÝAR — ÝEWROPA HOWSALA DÜŞÝÄR

18-nji oktýabrda Putiniň eden çykyşyndan bary-ýogy bäş gün soň, bazar analitikleri we täjirçiligi guraýjylar geljek aý üçin kompaniýalar üpjünçilik şertnamalaryny baglaşanda, kommersiýa gelşikleri üçin, iň möhüm gysga möhlete tomaşa etdiler.

Bilermenler rus gazy üçin bar bolan ulgamy ulanmak – Ukrainanyň üsti bilen esasy gaz turbageçirijisi we Polşanyň üsti bilen ikinji derejeli marşrutyň kuwwaty göz öňünde tutulanda, aňsat bolar diýip hasaplaýarlar. Moskwa bolsa islegiň aňsatlyk bilen ýokarlanmagyndan kanagatlanar hem gowy girdeji gazanar.

Halkara Energetika agentligi Moskwanyň ozalky üpjün edişinden, azyndan 15% köp gaz berip biljekdigini aýtdy.

Emma “Gazprom” beýle etmedi, gaýtam bahalar öňküsindenem ýokarlandy. Ýewropaly alyjylar hasam alada galdylar.

“Gazprom” bu ýagdaý barada entek Azatlyk Radiosyna teswir bermedi.

GORLARYŇ DEREJESINIŇ AZ BOLMAGY

Şu ýylyň tomusda analitikler Ýewropada gyşyň has aladaly bolup biljekdigini duýdurdylar: elektrik energiýasynyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen gazyň bahasy-da birden ýokarlanyp biler.

Muňa ynandyryjy delilleriň biri “Gazpromyň” gaz üpjünçiligini artdyrmaga gyzyklanma bildirmezligi, ýagny sowuk möwsümiň başlanmagy sebäpli Russiýada owaly öz ammarlaryny doldurmagyň zerurlygy ýüze çykýar. “Gazprom” öz ätiýaçlyklaryny doldurandan soň, Ýewropa iberilýän üpjünçiligi artdyryp biler. Ol ýerde bolsa gaz saklaýyş mukdary adatdan daşary pes derejede.

"Gazpromyň" baş direktory Alekseý Miller bilen bolan duşuşygynda, Putin 8-nji noýabrdan soň, ýagny şol döwre çenli Russiýanyň gaz ammarlarynyň doldurylmagyna garaşylýandygy sebäpli Awstriýadaky we Germaniýadaky ammarlara gaz ibermegi tabşyrdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ýewropanyň rus gazyna garaşly bolmagyna belli derejede tankydy garaýar, hususan-da Baltika deňziniň içinden ikinji gaz geçirijisiniň gurulmagyny howply hasaplaýar.

Şeýle-de bolsa, şu ýylyň başynda, turbageçiriji işleriniň soňky tapgyrlary barýarka, prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy respublikan kanun çykaryjylaryň Kongresdäki garşylyklaryna garamazdan, ony ýapmazlyk kararyna geldi. Şondan soň Russiýanyň energiýa çeşmelerini "ýaraglandyrýandygy" baradaky nägilelikler we aýyplamalar hasam güýçlendi.

Geçen aýda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň energiýa boýunça ýokary derejeli işgäri Amos Hohşteýn energiýany ýarag hökmünde ulanmak barada öz garaýşyny aýtdy.

— Meniň pikirimçe, biz şol sepgide ýakynlaşýarys. Eger hakykatdanam Russiýada üpjünçilik gazy bolsa, beýle etmezlik kararyna geler we diňe Ýewropa beýleki talaplar bilen razylaşsa, muny amala aşyrar, şonuň üçin energiýany [ýarag hökmünde ulanmaýandygyny] öňe sürmek kyn – diýdi.

Russiýanyň turbageçiriji ulgamlary arkaly öz üstünden Ýewropa gaz akdyrýandygy üçin, ýüzlerçe million dollar alýan Ukraina bu meselede “geosyýasy" subutnamanyň bardygyny aýtdy.

— “Gazpromyň” Ukrainanyň üsti bilen gaz akdyrmazlyk kararyna geosyýasy taýdan gelendigini biz hemişe bilýäris. Biziň jedelsiz subutnamalarymyz bar – diýip, Ukrainanyň gaz geçiriji operator ulgamy kompaniýasynyň başlygy Sergeý Makogon Azatlyk Radiosyna mälim eden beýanatynda aýtdy.

GAZYŇ TERSINE AKDYRYLMAGY

2000-nji ýyllarda Moskwa Ukraina we Günbatar hökümetlerine gaz üpjünçiligini iki gezek kesdi. Ýanwar aýynda bolup geçen elektrik togunyň kesilmegi Ýewropa hem ýaýrady, käbir ýurtlarda ýyladylmadyk ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylarynda, närazylyklaryň döremegine sebäp boldy.

Putiniň Miller bilen duşuşygyndan bir gün soň, analitikleriň ünsüni başga bir waka özüne çekdi: Polşadaky turbageçirijilerden günbatara – Germaniýa akdyrylýan gaz akymy tersine öwrüldi we gündogara gönükdirildi. “Yamal - Ýewropa” gaz geçirijisiniň tersine işlemegi barada resmi düşündiriş bolmady. “Gazprom” bolsa şertnamalaryn borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirýändigini aýtdy.

— “Gazprom” krizisi ýeňilleşdirmek däl-de, gaz bazarlaryny howsala salmak üçin, yzygiderli ters tarapa signal iberýär – diýip, Gas Vista LLC konsultatiw hyzmatlar kompaniýasynyň prezidenti Lesli Palty-Gusman aýdýar.

Palti-Gusmanyň sözüne görä, Russiýa diňe bir “Demirgazyk akym – 2” sertifikatyny çaltlaşdyrmak üçin nemes düzgünleşdirijilerine basyş etmeýär, eýsem suwuklandyrylan tebigy gazyň ABŞ-dan Ýewropa iberilmegine bolan meýilleri-de pese düşürmäge çalyşýar, şeýle hem ýewropaly sarp edijilere has uzak möhletleýin şertnamalara gol çekmäge basyş etmäge synanyşýar.

Onuň aýtmagyna görä, gazyň we elektrik energiýasynyň bahasynyň ýokarlanmagy populistleriň nägileligini güýçlendirýär.

MOLDOWA

Özüniň ÝB bilen has ýakyn gatnaşyk saklaýan täze hökümeti sebäpli Moldowa “Gazprom” bilen uzak möhletleýin şertnamany bes etmek derejesine baryp ýetdi. Kompaniýa bahalary ep-esli ýokarlandyrdy, mundan Moldowa ýüz öwrende, “Gazprom” üpjünçiligini üçden birine azaltdy.

Bu ýagdaý Moldowanyň prezidenti Maia Sandunyň adatdan daşary ýagdaýy yglan etmegine sebäp boldy.

ÝB-niň Daşary işler edarasy Josep Borrell “Gazpromy” gazyň arzan bahasynyň deregine "syýasy basyş" hökmünde ulanmakda aýyplady.

Bu aralykda, rus kompaniýasy gepleşiklerde nähilidir bir syýasatyň rol oýnandygyny inkär etdi we gepleşikleriň "diňe söwdalaşmak şertlerinde" geçirilendigini aýtdy.

Bir gün soň hökümet ep-esli ýokary bahalar bilen täze bäş ýyllyk şertnama baglaşdy.

Gaz analitigi Marzek-Manser Moskwanyň Sandu hökümetiniň ÝB-ne bolan isleglerini oňlamaýandygyny aç-açan beýan edendigini aýtsa-da, Moldowanyň köne şertnamasy ÝB standartlaryna laýyk gelmeýärdi.

— Iki oturgyjyň aralygynda oturyp bilmersiňiz — diýip, ol aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Билайн запустил Группу быстрого реагирования для борьбы с мошенничеством

Тротуар обустроят вблизи автобусной остановки на улице Чайковского в Лобне

В Москве увеличивается спрос на офисную недвижимость

Московская биржа заявила о возможных проблемах с выставлением заявок

Музыкальные новости

По благословению схиархимандрита Илия в Орловской области построена православная гимназия

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

"Гриша, уходи!": реакция интернет-сообщества на вылет "Урала" из РПЛ

В Городце открылись виртуальный концертный зал в ДК «Северный» и Музей детства

Новости России

Белорусский автомобильный бренд Belgee официально выходит на российский рынок

СК просит заочно арестовать, ставшего наемником, белорусского гребца Шурмея

Врач Шипулина: Жителям России угрожают клещи-мутанты из Европы

Суд признал сына Жириновского

Экология в России и мире

Бесплатные ежедневные тренировки от сети фитнес-клубов Spirit. Fitness в парке Горького/Музеон

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

Фотопрогулка по советским городам. Классная серия!

Победитель фирменной игры «Авторадио» получил ключи от Oting Паладин

Спорт в России и мире

Организм был не в состоянии: Потапова прокомментировала поражение на «Ролан Гаррос»

17-летний россиянин Даниил Саркисян разгромил Форбса из США на юниорском «Ролан Гаррос»

Главный русский теннисист заставил Париж аплодировать ему стоя. Что удалось Осьминогу Медведеву?

Мирра Андреева обыграла представительницу Франции Грачеву на "Ролан Гаррос"

Moscow.media

Дайджест новостей «Грузовичкоф» за май

Правительство РФ направило дополнительные средства на завершение строительства трассы Гузерипль – плато Лагонаки в Адыгее

На орловской трассе столкнулись микроавтобус «УАЗ» и тягач «Scania», груженный дисками вагонных колес

Победитель фирменной игры «Авторадио» получил ключи от Oting Паладин







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *