Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baýden, Si wirtual sammitde hyzmatdaşlyga çagyrýar

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Hytaýyň prezidenti Si Szinpin ilkinji wirtual sammitini geçirdiler, iki lider hem dartgynly gatnaşyklary durnuklaşdyrmak we konfliktden gaça durmagyň ýollaryny gözlemek isleýär.


Ak tam Waşingtonda başlanan gepleşiklerden soň iki lideriň gatnaşyklar “bähbitlerimiziň gabat gelýän ýerlerini we gyzyklanmalarymyzyň, gymmatlyklarymyzyň we garaýyşlarymyzyň biri-birinden tapawutlanýan ýerlerini öz içine alýar” diýip, aýdandygyny 15-nji noýabrda agşam habar berdi.


"Prezident Baýden, Prezident Si bilen dürli meseleler boýunça niýetlerimiz we ileri tutulýan ugurlarymyz barada aç-açan we göni gürleşmek mümkinçiligini makullady" -diýip Ak Tam belledi.


Hytaýyň döwlet habar beriş serişdelerine görä, Hytaýyň lideri öz kärdeşine ABŞ bilen Hytaýyň birek-birege hormat goýmalydygyny, aragatnaşygy hem hyzmatdaşlygy ösdürmelidigini, içerki işlerine ünsi jemlemelidigini we şol bir wagtda halkara borçnamalarynyň adalatly paýyny öz üstüne almalydygyny aýdypdyr.


Ak tamyň habaryna görä, Baýden Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky uýgurlara garşy hyýanatçylyklar, Gonkong, Tibet we demokratik azatlyklaryň depelenmegi we beýleki adam hukuklary meselelerini gozgapdyr.


Duşuşygyň öňüsyrasynda hytaý resmileri gün tertibindäki esasy meseläniň ABŞ tarapyndan goldanýan öz-özüni dolandyrýan Taýwana degişli boljakdygyny aýtdy. Hytaý Taýwany bölünen öz welaýaty hasaplaýar.


Ak tama görä, Baýden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “bir Hytaý” syýasatyna ygrarlydygyny, ýöne Pekiniň ýakynda Taýwana garşy alyp barýan harby hereketinden soň status-kwony üýtgetmek baradaky birtaraplaýyn tagallalaryna berk garşy çykýandygyny aýdypdyr.


Şeýle hem Baýden Hytaýyň Günorta Hytaý deňzinde harby güýçleriň gurulmagy bilen bagly aladalaryň fonunda erkin we açyk Hindi-Ýuwaş okeanyň, şol sanda nawigasiýa erkinliginiň hem howpsuz uçuşyň möhümdigini aýtdy.


Dünýäniň iň uly iki ykdysadyýetiniň ýolbaşçylary söwda we ykdysadyýet, şeýle hem COVID-19 pandemiýasy bilen bagly meseleleri, howanyň üýtgemegi we saglyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *