Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ Russiýany emeli hemra garşy 'howply' raketa synagy üçin ýazgarýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýany “howply we jogapkärçiliksiz” raketa synagyny geçirendigi üçin ýazgardy. Hakykatda bolmadyk rus sputnigini ýok etmek üçin partladylan raketa zibil buludyny döredip, Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) howp saldy we birnäçe ýyllap kosmos işlerini hatar astynda goýdy.


ABŞ-nyň resmileriniň aýtmagyna görä, 15-nji noýabrda hemra garşy raketa synagy 1500-den gowrak orbital galyndylary döretdi we ýene-de ýüzlerçe müň bölek ownuk orbital galyndylaryny emele getirip biler.


"Bu howply we jogapkärçiliksiz synagyň netijesinde dörän uzak möhletli galyndylar, emeli hemralara we geljekki onýyllyklaryň dowamynda ähli halklaryň howpsuzlygy, ykdysady we ylmy bähbitleri üçin möhüm ähmiýete eýe bolan beýleki kosmos desgalaryna howp salýar" -diýip, döwlet sekretary Antoni Blinken aýtdy.


NASA bu synagyň netijesinde Russiýanyň öz emeli hemralaryndan birini partlatandygyny we emele gelen galyndylaryň kosmos stansiýasyndaky ekipažyň, ýagny dört amerikaly, bir nemes we iki rus raýaty iki sagatlap kosmiki stansiýasyndaky kapsulalarda bukulmaga mejbur bolandygyny, we zerur bolsa çalt ewakuasiýa edilmäge taýýarlyk görlendigini aýtdy. 


Russiýanyň kosmos gullugy “Roskosmos” bolan ýagdaýyň ähmiýetini peseltmäge synanyşdy we 420 kilometre golaý belentlikde aýlanýan kosmos laboratoriýasynyň ekipažynyň “uçuş maksatnamasyna laýyklykda yzygiderli iş alyp barýandygyny” aýtdy.


“Häzirki wagtda ekipažy adaty prosedura laýyklykda kosmos gämisine geçmäge mejbur eden obýektiň orbitasy HKS-yň orbitasyndan daşlaşdy. Stansiýa ýaşyl zonada ýerleşýär "- diýip, gurama Twitterde ýazdy.


Birnäçe ýurduň ýagny ABŞ-nyň, Russiýanyň, Hytaýyň we Hindistanyň emeli hemralary ýerden uçurmak mümkinçiligi bar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *