Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belarus käbir migrantlary Polşa serhedinden aýyrýar, ýüzlerçe yrakly yzyna ugradyldy

Belarus Polşa bilen aradaky serhediň ugruny käbir migrant lagerlerinden arassalady. Aňzak sowukda bu lagerlerde migrantlar bolýardy. Şeýle-de, ýüzlerçe migrant uçar bilen yzyna, Yraga ugradyldy. Bu, bir hepde töweregi wagt bäri dowam edýän krizisiň gowşamak ähtimallygynyň yşaraty boldy.


2 müň töweregi migrant serhediň golaýynda ýyladyşy bolan ammara geçirildi diýip, Belarusyň döwlet mediasy 18-nji noýabrda habar berdi.


Ýöne Polşanyň Goranmak ministrligi birnäçe ýüz adamyň we olaryň çadyrlarynyň heniz hem resmi serhet geçelgesiniň ýanyndadygyny görkezýän wideo paýlaşdy. Serhet ýakasy soňky birnäçe gün bäri migrantlar bilen Polşa howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolup geçýän çaknyşyklaryň sahnasy boldy.


Has ozal, polýak esgerleri 100 töweregi migranty tutup saklady. Olar migrantlaryň serhedi bikanun kesip geçmeklerine belarus howpsuzlyk güýçleriniň ýardam berýändigini aýtdy.


Ýewropa Bileleşigi Aleksandr Lukaşenkony, geçen ýyl geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlaryndan bäri ýurtda ýaýbaňlandyrylan basyp ýatyrmalar bilen bagly Belarusa garşy girizilen sanksiýalardan ar almak üçin, ýurda migrant getirip, olary Polşa, Latwiýa we Litwa bilen aradaky serhetlere gönükdirmekde aýyplaýarlar.


Bu aralykda, Yragyň Daşary işler ministrligine görä, 430 yrakly migrant krizis başlanaly bäri migrantlary yzyna gaýtarmak üçin amala aşyrylýan ilkinji uçara, Yrak howaýollarynyň uçaryna mündürildi.


Lagerleriň boşadylmagy we uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy bir hepde güýçli dowam eden diplomatiýa gabat geldi. ÝB we ABŞ “migrasiýanyň ýarag hökmünde ulanylmagy” bilen bagly Minske garşy täze sanksiýalary girizmek bilen haýbat atdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *