Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baýden Berdimuhamedowa sagbol aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberip, ýurduň Owganystandan raýatlary çykarmak işlerine beren ýardamyna sagbol aýtdy. Bu barada türkmen metbugaty habar berýär.


Owganystanda ýigrimi ýyl töweregi dowam eden uruşdan soňra ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler awgustyň ahyrynda Owganystandan goşun çekdi. Muňa gabat, Günbatar ýurtlary, şol sanda ABŞ Owganystandan öz raýatlaryny çykarmak işlerine bat berdi.


Jo Baýdeniň Berdimuhamedowa iberen hatynda Türkmenistanyň üstaşyr uçuşa, uçarlara ýangyç guýulmagyna we ýolagçylaryň barmaly ýerlerine äkidilmegine berlen ýardamlar üçin minnetdarlyk bildirilýär.


ABŞ prezidentiniň Berdimuhamedowa iberen hatynyň senesi aýdylmaýar. Ýöne hatyň  türkmen metbugatynda çap edilýän senesi ABŞ senatorlarynyň türkmen prezidentine hat iberip, ondan syýasy tussaglary boşatmagy soraýan wagtyna hem-de ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Türkmenistany din azatlyklary boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň hataryna goşýan wagtyna gabat gelýär.


Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümeti Türkmenistanda ynsan hukuklaryny berk çäklendirmekde, özge pikirleri basyp ýatyrmakda, raýat we syýasy azatlyklary, şol sanda söz we metbugat azatlygyny ýowuz çäklendirmekde tankyt edilýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *