Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda çagalaryny harby gullukdan alyp galmak isleýän ene-atalaryň sany 'iki esse köpeldi'

Maryda çagalaryny harby gullukdan alyp galmak isleýän ene-atalaryň sany 'iki esse köpeldi'

Türkmenistanda häzir harby gulluga çagyryş möwsümi dowam edýär. Şu ýyl Mary welaýatynda degişli resmilere para berip, öz çagalaryny harby gullukdan alyp galmakçy bolýan adamlaryň sany geçen ýyldaka garanda iki esse artdy. Bu ýagdaý çagyryş boýunça harby gullugyň töweregindäki para-berimiň hem möwjemegine getirdi. Bu barada welaýatyň harby bölüminiň bir işgäri anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

"Şu günler telekeçiler we gurply maşgalalar öz çagalaryny harby gullukdan alyp galmak üçin ilki alty aýlyk resminamany bermegi soraýarlar. Alty aýlyk gullukdan galmak üçin 600 dollar aralygynda pul soralýar. Her bir aýyna 100 dollar urulýar, eger-de "Ýok bolanok" diýseň, onda mundan hem köpräk hödür edýänler bar" diýip, harby bölümiň işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, erkek raýatlary harby gullukdan doly alyp galmak üçin paranyň möçberi 50 müňden 60 müň manada çenli ýetýär. Bu Merkezi bankyň nyrhy boýunça 14000-17000 dollara barabar.

Şu günler Türkmenistanda çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan we ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlar oktýabr-dekabr aralygynda mejbury harby gulluga alynýar.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, soňky ýyllarda ene-atalaryň arasynda harby gulluk wagtynda ogullarynyň ykbaly we saglygy barada aladalar artýar. Harby gulluk üçin kadaly şertleriň bolmazlygy, azyk ýetmezçiligi, zerur lukmançylyk kömeginiň bolmazlygy, janyna we saglygyna döreýän howplar we kemsitmeler köpleri öz çagalaryny harby gullukdan gaçyrmak üçin mümkinçilik gözlemäge mejbur edýär.

Şeýle-de, köp ene-atalar çagalaryny Owganystan we Eýran bilen serhet ýakasyndaky goşun bölümlerine ibermekden gorkýarlar. Geçmişde türkmen-owgan serhedinde atyşyklar we harbylaryň ölümi barada yzygiderli habar berlipdi.

Harby bölümiň işgäriniň bellemegine görä, öz ogluny, inisini ýa ýakyn garyndaşyny harby gullukdan alyp galmak ýa-da Marydaky harby bölüme ýerleşdirmek isleýänleriň arasynda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri hem bar.

"Olar "arkaýyn boluň, etmelisini ederis. Bize-de edýärler" diýip, para hödürlemegiň bir görnüşini ulanýarlar. Olar "Bize serhet ýaka gerek däl. Iň gowusy gullukdan alyp galmak, ýöne gullugyny edýän ýaly edip görkezmek" diýýärler. "Gaty bolmajak bolsa, onda 1001-nji harby bölüme düşürip beräýiň" diýip soraýarlar" diýip, işgär aýtdy.

Onuň sözlerine görä, prezidentiň kakasy M.Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüm ýurtda "iň howpsuz" harby bölümleriň biri hasaplanýar. Bu bölüme düşen ýaş esgerler 5-6 aýdan soň welaýatlardaky harby bölümlere paýlanýar.

"Ana, şonda "dogry adamy" görseň, esgeri öz welaýatyňda hem gulluk etdirip bolýar. Hatda öz welaýatyňdaky 1001-nji harby bölümiň komandiri bilen "ylalaşyp" bilseň, onda öýüňde hem gulluk etdirip bolýar. Şonda "bir kemsiz gulluk etdi" diýip harby biledi we "gaty wepaly gullukçy" diýip häsiýetnamany hem alyp bolýar" diýip, ol belledi.

Şol bir wagtda, harby bölümiň işgäri ýönekeý raýatlar üçin şeýle mümkinçiligiň ýokdugyny, para bermäge maliýe serişdesi bolmadyk adamlaryň çagalarynyň ýurduň islendik ýerindäki harby bölümlere, köplenç serhet ýakalaryna ugradylýandygyny hem aýdýar.

"Bu raýatlar özleriniň sagat däl çagalarynyň ýarawsyzdygyny hem tassykladyp bilmeýärler. Sebäbi lukmanlaryň köpüsi para berilmese, erkek raýat ýarawsyz bolsa-da, onuň ýarawsyzlygyny tassyklamaýar. Şeýlelik-de, gözi çala kemliler, aýak agyrlylar we şuňa meňzeşler hem harby gulluga äkidilýär. Hakykatda bular gullukdan boşadylmaly" diýip, harby bölümiň işgäri belledi.

Onuň aýtmagyna görä, adamysy ýogalan käbir aýallar ýeke oglunyň bardygyny we maşgalanyň eklenjiniň doly oňa garaşlydygyny aýdyp, ony harby gullukdan alyp galmak üçin kömek etmegi haýyş edýärler. Ýöne olaryň haýyşy köplenç oňyn netije tapmaýar.

"Şeýle haýyş bilen ýüzlenýän aýal maşgalalaryň sany sajagy ýok. Her güni ençeme adam gelýär. Häzir ähli pudakda para ýöreýär. Muny köp adam "biznes" diýip atlandyrýar" diýip, harby bölümiň işgäri sözüni jemledi.

Azatlyk beýan edilen ýagdaýlar barada Mary şäherindäki harby bölümden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 23-nji noýabrda eden yzygiderli synanyşygy netije bermedi.

Azatlygyň habarçylary we garaşsyz metbugat çeşmeleri Türkmenistanyň ýaragly güýçlerindäki para-berim, harby gulluk wagtynda ýaşlaryň urlup ýenjilmegi, dürli zorluklara we kemsitmelere sezewar bolmagy, ýaşlaryň ölümi we ýaralanmagy ýaly wakalar barada yzygiderli habar berýärler.

Türkmen hökümeti şeýle habarlary resmi taýdan kommentirlemeýär, goşundaky problemalary düýpden agzamaýar. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 3-nji noýabrda geçiren mejlisinde ýurduň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk edýän harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň örän ýokarydygy tekrarlandy.

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar. Harby gulluk hökmany hasaplanýar, şertnamalaýyn harby gulluk we alternatiw gulluk ýurt raýatlary üçin göz öňünde tutulmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Делимханов пообещал Даванкову объяснить, как должны одеваться женщины в России

Предприятия "Технополиса Москва" привлекли 184 млрд инвестиций и создали 18 тысяч рабочих мест

Более 200 тысяч столичных школьников посетили Музей Победы в этом учебном году

Баскетболисты из Лобни завоевали золото на турнире Moscow Open

Музыкальные новости

На ВДНХ открылась цифровая фотовыставка "Счастье. Материнство или карьера!?"

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

РОССИЮ ОЖИДАЕТ ПЛЮС 50 ГРАДУСОВ: КАКИМ ГОРОДАМ ЖДАТЬ АНОМАЛЬНУЮ ЖАРУ

Леонид Агутин посвятил ушедшей Анастасии Заворотнюк песню и клип

Новости России

В Красноярске проходит итоговый этап всероссийского конкурса «Профессионалы»

На российском рынке появится копия Chevrolet Silverado с китайским двигателем Mitsubishi

Семья бывшего главы администрации Кирово-Чепецка победила в конкурсе "Это у нас семейное"

Куценко рассказал, как стал актером из-за любви

Экология в России и мире

Фотопрогулка по советским городам. Классная серия!

«Заставлял Костомарова мыть свою машину, чтоб потом он на ней покатался по парковке!» Илья Авербух рассказал о дружбе с Романом Костомаровым в шоу «Вкусно с Анфисой Чеховой» на ТВ-3

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

Анастасия Уколова, Елизавета Базыкина и Никита Кологривый продолжают съемки сериала «Комбинация»

Спорт в России и мире

Мирра Андреева впервые вышла в четвертьфинал турнира Большого шлема

Синнер повторил уникальное достижение Джоковича и Надаля на турнирах «Большого шлема»

Главный русский теннисист заставил Париж аплодировать ему стоя. Что удалось Осьминогу Медведеву?

Теннисистка из Пятигорска вышла в четвёртый круг турнира Большого шлема

Moscow.media

Накануне в центре Орла случился пожар

Дизельный, рамный, с блокировками. Новый внедорожник скоро появится в России

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

Белоусов и его зам продолжают зачистку. Настала очередь главного коммунальщика Минобороны. Обвинение просит 12 лет за взятку







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *