Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ukrainanyň islendik pursatda ‘oda gaplanyp' biljegini duýdurýar

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew Ukrainanyň "islendik pursatda" millionlarça adamyň ýaşaýan ýerlerinden bosmagyna getirjek uly krizise sezewar bolup biljekdigini aýdýar.


Ol bu beýanaty rus-ukrain gatnaşyklarynyň täzeden dartgynlaşmagynyň fonunda etdi, Günbatar ýurtlary we Kiýew Moskwanyň şu gyşda ýaragly interwensiýa başlamak ähtimallygyny tassyklaýar.


Patruşew "Argumenty i Fakty" gazetine beren interwýusynda "Ukrainanyň islendik pursatda oda gaplanyp, millionlarça ukrainalynyň başga ýerlerden pena gözlemäge gaçyp biljekdigini” aýtdy.


Onuň sözlerine görä, bu ýagdaýa Günbataryň eden hereketleri sebäp bolupdyr. Has anygy, Patruşew günbatar "Ukrainada öz protektoratyny döretdi" we "jemgyýeti bikanunçylyga getirdi, ilatyň käbir gatlaklarynyň garyp düşmegine" sebäp boldy diýip pikir edýär.


Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy bilen guralan söhbetdeşlik esasan Belarusyň we ÝB ýurtlarynyň serhedindäki migrasiýa krizisine bagyşlanýar. Patruşew bu krizisiň jogapkärçiligini hem Günbataryň üstüne atýar.


"Olar protest ýörişleri arkaly ýolbaşçylaryny ýok edip, ýurdy bulam-bujarlyga salyp bilmediler, indi döwleti migrantlardan doldurmaga synanyşýarlar" diýip, Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy aýtdy.


Onuň sözlerine görä, migrantlaryň Belarusa gidip, ÝB-ne girmäge synanyşmaklarynyň sebäbi Günbataryň "Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada bulam-bujarlyk hem-de weýrançylyk döretmegi” bilen bagly.


Şol bir wagtda, Patruşew Belarusy Russiýanyň “iň ýakyn ýarany we strategiki hyzmatdaşy” diýip atlandyrdy.


ÝB ýurtlary migrasiýa krizisine belarus häkimiýetleriniň we hut Aleksandr Lukaşenkanyň jogapkärdigini aýdýarlar, käbir ýurtlaryň wekilleri bolsa Russiýany bu krizisiň mümkin bolan gatnaşyjysy we ondan bähbit agtarýan ýurt hökmünde häsiýetlendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *