Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Pakistan owgan ýagdaýy kadalaşýança TOPH taslamasyny goýbolsun edýär

Pakistan owgan ýagdaýy kadalaşýança TOPH taslamasyny goýbolsun edýär

TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystandaky ýagdaý durnuklaşýança togtadyldy diýip, Pakistanyň ykdysadyýet ministri Omar Aýub Han 25-nji noýabrda TASS habar gullugyna aýtdy.

Türkmenistan "Talyban" awgustda Owganystandaky häkimiýeti ele geçireli bäri söweşiji toparyň ýolbaşçylary bilen goňşy ýurduň üstünden geçiriljek geçiriji taslamalary barada ençeme gezek maslahat etdi. Talyban wekilleriniň yzygiderli tassyklamagyna görä, olar TOPH taslamasyna we beýleki hyzmatdaşlyk tekliplerine özleriniň gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri we wise-premýer Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet oktýabr aýaynyň aýagynda Kabula sapar edip, talyp hökümetiniň wekilleri bilen duşuşdy we, resmi habarlara görä, iki tarapyň gepleşiklerinde esasy orun TOPH geçirijisiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy bilen bagly boldy.

TASS habar gullugynyň pakistan ministrine salgylanyp ýazmagyna görä, "TOPH, şeýle-de CASA-1000 ýaly taslamalar (Gyrgyzystandan we Täjigistandan Owganystana we Pakistana elektrik energiýasyny geçirmek tagallalary bilen bagly) üstünde alnyp barylýan işler, Owganystandaky ýagdaý sebäpli togtadyldy.

"Bizde bar bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda Owganystanda bu we beýleki taslamalar boýunça iş alnyp barylmaýar, köp adam ewakuasiýa edildi, Owganystanda indi Bütindünýä bankynyň wekilçiligi ýok; ýagdaýlar durnuklaşandan soň, gurluşyk meselelerine gaýtadan dolanyp bileris" diýip, Omar Aýub Han TASS bilen söhbetdeşlikde aýdypdyr.

Şu aralykda, türkmen tarapy bilen gepleşik geçirýän talyp resmileriniň Aşgabatdan gürrüňi edilýän taslamalar babatynda maliýe kömegini almaga çalyşýandygy görünýär.

"Tolonews" habarlar gullugy maglumatyna görä, 20-nji noýabrda Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynda türkmen ilçisi Hoja Öwezow we beýleki resmiler “Talyban” hökümetiniň dag-magdanlar we nebit ministriniň ýerine ýetirijisi Mohammad Isa bilen duşuşdy.

Maslahatyň dowamynda TOPH gaz eçirijisi, şeýle-de beýleki “bilelikdäki ykdysady” taslamalar barada pikir alyşyldy diýip, habarda aýdylýar.

“Eger-de siz bize serişde berseňiz, bu TOPH taslamasynyň, optiki süýümli geçirijileriň we demirýollaryň ýoluny açar” diýip, talyban ministri Mohammad Isa öz hökümetiniň maliýe zerurlyklaryny dile getirdi.

Türkmen ilçisi bu taslamalaryň durmuşa geçmegi üçin bar bolan meseleleri aradan aýyrmak boýunça iki ýurduň arasynda birnäçe komitetiň esaslandyrylandygyny aýtdy. Emma ol gürrüňi edilýän meseleleri anyklaşdyrmady, şeýle-de Türkmenistanyň bu taslamalar üçin Owganystana maliýe serişdelerini berip-bermejekdigini aýtmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Сергунина анонсировала программу празднования Дня молодежи в Москве

«Пришлось подготовиться»: Домнина — о том, как сообщила детям о болезни Костомарова

Как в Ульяновске отметят День России: программа праздника

Свыше 20 тыс человек посетили Дни исторического и культурного наследия в Москве

Музыкальные новости

Энергетики «Смоленскэнерго» готовятся к работе в условиях непогоды

В Городце открылись виртуальный концертный зал в ДК «Северный» и Музей детства

Почта России помогла детям-подопечным благотворительных фондов встретиться с футболистами ЦСКА

Генпрокуратура потребовала передать государству велотрек с Олимпиады-80

Новости России

Головин назвал российского футболиста, который может играть до 60 лет

«Известия»: гроб с телом полярника Чилингарова доставили в храм Христа Спасителя

Немецкий инвестор не выходит на связь после оглашения приговора по BelkaCar

Головин назвал лучшего футболиста мира - это не Роналду и Месси

Экология в России и мире

Улыбка сделала слушателя «Юмор FM» миллионером

Началось вещание Детского радио в Хабаровске

Студия Звукозаписи в Москве. Создание Песен, Музыки, Аранжировок.

Работник СЛД «Чита» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» принял участие в экологической акции по очистке берега и дна озера Кенон

Спорт в России и мире

Мирра Андреева впервые вышла в четвертьфинал турнира Большого шлема

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Российские ракетки сообразили на троих // Даниил Медведев, Мирра Андреева и Элина Аванесян дружно вышли в 1/8 финала теннисного Roland Garros

Джокович — о травме: На данный момент, вроде все нормально, но я не знаю, что будет утром

Moscow.media

Беспроводной сканер штрих-кодов Heroje S-H29W

У «Грузовичкоф» появился чудесный чудик

"Рено" врезалась в столб, младенец в больнице

Белоусов и его зам продолжают зачистку. Настала очередь главного коммунальщика Минобороны. Обвинение просит 12 лет за взятку







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *