Ukrainanyň alkymynda toplanan rus goşunlary bilen baglylykda, Blinken Lawrow bilen duşuşar
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 2-nji dekabrda Stokgolmda, ukrain serhediniň alkymynda toplanan rus goşunlary sebäpli güýçlenen dartgynlyklaryň arasynda, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşar.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) sammitiniň çäginde geçiriljek duşuşyk NATO-nyň daşary işler ministrleriniň Latwiýada geçirilen duşuşygynyň yz ýanyna gabat gelýär. Blinken Latiwýadaky ýygnakda ABŞ-nyň Russiýanyň harby operasiýalary barada alada bildirýändigini aýtdy.
Ukraina we Günbatar resmileri şu ýylyň başynda Russiýanyň günbatarynda geçirilen söweş oýunlaryndan bäri onlarça müň rus esgeriniň we agyr harby enjamlarynyň Ukrainanyň serhedinde toplanandygyny we "Prezident [Wladimir] Putiniň bu ýurda goşun sürmek kararyna gelip-gelmändiginiň belli däldigini” aýdýarlar.
Blinkeniň Lawrow bilen duşuşygynda, eger Russiýa goşun toplamagyny bes etmese, ýene sanksiýa girizilmek ähtimallygyny ýatlatmagyna we, şonuň bilen bir wagtda, diplomatik çäreleriň hem bardygyny aýtmagyna garaşylýar.
Ukrainanyň gündogarynda Kiýewe garşy söweşýän separatistleri goldaýan Russiýa hüjüm etmekçi bolýandygyny ret etdi. Şol bir wagtda-da Moskwa Ukrainany we onuň günbatar tarapdarlaryny dartgynlylygy güýçlendirmekde aýyplaýar we Ukrainanyň hem serhetde köp möçberde goşun toplaýandygyny aýdýar.