Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Talyban" aýal-gyzlaryň hukuklary barada karar çykardy, bilim, iş hakda dymýar

Owganystanyň "talyban" hökümdarlary şerigat kanunlarynda öňden kesgitlenen aýal-gyz hukuklarynyň ýerine ýetirilmegini talap edýän karar çykardylar, emma adam hukuklary toparlarynyň we Günbatar hökümetleriniň alada bildirýän esasy ugurlary, bilim we iş hukuklary barada hiç zat aýtmadylar.


3-nji dekabrda çykarylan karar owgan jemgyýetiniň ýolbaşçylaryny "aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak üçin çynlakaý çäre görmäge" çagyrýar.


Soňra ol kararda esasy üns nika we dul galan aýallaryň hukuklaryna gönükdirilýär we "hiç kim zorluk ýa-da basyş bilen aýallary durmuşa çykmaga mejbur edip bilmez" diýilýär. Emma muňa garamazdan, kararda kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň nikasy barada hiç zat aýdylmaýar.


Şeýle-de, bu kararda gyzlaryň togtadylan orta bilimi ýa-da, talyban awgust aýynda häkimiýeti eýeländen soň jemgyýetçilik işlerine gaýdyp barmakdan mahrum bolan aýallaryň iş hukuklary barada hiç zat aýdylmaýar.


Talyban häkimiýeti ele geçirilenden soň, Günbatar hökümetleri, BMG we adam hukuklary toparlary adam hukuklarynyň bozulmagy barada çuňňur alada bildirdiler we söweşijilerden öz içine alyjy hökümet gurmagy, ähli owganlynyň, şol sanda azlyklaryň we aýallaryň hukuklaryny goramagy talap etdiler.


"Talyban" 1996-njy ýyldan 2001-nji ýylyň ahyryna çenli häkimiýet başynda bolanda aýal-gyzlaryň hukuklary üzül-kesil çäklendirildi, ýöne söweşijiler durşuna erkeklerden düzülen talyban hökümeti  aýal-gyzlaryň hukuklaryny gaýtadan yza çeken hem bolsa, şzleriniň häzirki döwürde has aram bolandyklaryny öňe sürýärler.


Aýal-gyzlaryň aglaba köplügine işlemek gadagan edildi, köp gyz we aýal bilim almak hukugyndan mahrum edildi we, azyk ýetmezçiligi we ykdysadyýetiň çökmegi netijesinde, garyplygyň ýokarlanmagy bilen¸ esasy global donorlar gumanitar betbagtçylygyň gyrasynda duran  Owganystana berilýän kömegi dikeltmäge mejbur boldy.


BMG-niň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrýan gullugynyň 2-nji dekabrda çap eden hasabatynda Owganystandaky 24 milliondan gowrak adamyň, ýurduň ilatynyň 65 göteriminiň geljek ýyl halas ediş kömegine mätäç boljakdygyny duýdurdy. Mundan başga, ýurtdaky 9 million adamyň açlyk wehimi astyna düşmegine garaşylýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *