Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazagystanyň mejlisi amnistiýa baradaky kanuny tassyklady

Gazagystanyň mejlisiniň ýokarky palatasy 2-nji dekabrda, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli, amnistiýa baradaky kanun taslamasyny tassyklady diýip, Azatlygyň Gazak gullugy habar berýär. 


Bu kanun taslamasy gazak türmesinden saglyk ýagdaýy zerarly boşadylan dissident şahyr  Aron Atabegiň ardan çykmagynyň yz ýanyna gabat geldi. 


Gazagystanyň Içeri işler ministri Erlan Turgumbaýew senatda bu kanun güýje girenden soň kiçi we orta agyrlykda jenaýat eden müňe golaý tussagyň türmeden boşadyljakdygyny aýtdy.


Ministr ozal bu amnistiýa esasynda 2323 tussagyň günäsiniň geçiljekdigini, gözegçilik astyndaky 11310 adamyň boşadyljakdygyny, işi kazyýete ýetmedik 5000 töweregi jenaýat işiniň ýapyljakdygyny, 1674 adamyň jenaýat jogapkärçiliginden boşadyljakdygyny,  1471 adam babatynda jezany azaltmak ýa-da boşatmak çärleriniň görüljekdigini aýdypdy.


Resmi maglumatlara görä, Gazagystanda 34 müň adam jenaýat-düzediş ulgamynyň 64 edarasynda we 16 sany deslapky tussaghanada saklanýar. Olardan 30 müň adama höküm çykaryldy, galanlary tussag edildi we derňew astynda saklanýar.


Içeri işler ministrliginiň statistikasyna görä, bu adamlaryň 93 göterimi agyr we aýratyn agyr jenaýat edipdir, olaryň takmynan 45 göterimi ozal hem jogapkärçilige çekilen raýatlar bolup durýar.


Amnistiýa hakyndaky kanun taslamasy Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewe gol çekmek üçin iberildi.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *