Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda we Lebapda güýçli tozanly şemal turdy

1-2-nji dekabrda Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda güýçli tozanly şemal turdy. 3-nji dekabrda Maryda köçeleri şemalyň getiren çägelerinden arassalamak boýunça köpçülikleýin ýowarlar geçirildi. Bu işlere edara-kärhanalaryň işgärleri çekildi. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marydan we Lebapdan maglumat berdiler.


Marydaky habarçymyz güýçli şemal turanda howanyň düzüminde köp mukdarda çägäniň bolandygyny we uzak ýerleriň çägeden ýaňa görünmändigini aýtdy. Munuň netijesinde şäheriň tas ähli köçelerine çäge üýşdi.


"Şu gün edara-kärhanalaryň we hususy firmalaryň tas ählisiniň işgärleri güýçli depginde daş-töweregi arassaladylar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy 3-nji dekabrda habarçymyza gürrüň berdi.




Habarçymyz şu günler tozanly howa allergiýasy bolan adamlaryň köpüsiniň öýden çykmaýandygyny, işgärleriň iki maska dakynyp, işlerine gidýändigini hem aýtdy.


"Adamlaryň arasynda demleri gysyp, hassahana ýüz tutanlar hem boldy" diýip, maryly ýaşaýjy belledi.


Habarçymyz şemalyň öň ýanynda, welaýatyň köp obasynda elektrik energiýasynyň öçürilendigini, ýaşaýyş jaýlaryna ençeme sagatlap toguň berilmändigini hem aýtdy.


Şeýle-de, ol polisiýa işgärleriniň sebitde turan güýçli tozanly şemaldan goşmaça pul gazanmak üçin peýdalanandygyny, ýaşaýjylar entek awtoulaglaryny ýuwduryp ýetişmänkä, olara dessine jerime ýazyp, ýa-da olardan "para alyp başlandygyny" hem belledi.


"Polisiýa işgärleri her bir hapa ulaga azyndan 50-100 manat jerime ýazdylar ýa-da şoňa golaý möçberde para aldylar. Olaryň köçäniň tas her bir ädiminde durandygyny görse bolýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.


Tozanly şemal ýurduň Lebap welaýatynda hem turdy. Habarçymyz tozanly şemal sebäpli howanyň aşa hapalanandygyny, 500 metr uzaklykdaky ulaglary görüp bolmaýandygyny belledi.




"Güýçli şemalyň turup başlan pursady Türkmenabat şäherinde 100 metr belentlikde ýerleşýän baş baýdagy hem aşak düşürdiler we häzire çenli baýdak sütünde görünmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly ýaşaýjy 2-nji dekabrda habarçymyza gürrüň berdi.


Habarçymyzyň sözlerine görä, 1-2-nji dekabrda sebitde güýçli şemalyň turjakdygy barada edara-kärhanalaryň tas ählisine bir gün öňünden duýduryş berildi.


"Ähli edara-kärhanalarda elektrik we santehnik işgärleri nobatçylyk çekmeli diýdiler" diýip, lebaply býujet işgärleriniň biri habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.


Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda turýan güýçli şemal, tupan ýa-da sil suwlarynyň joşmagy ýaly tebigy hadysalar barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan aç-açan beýanat bilen çykyş edýärler. Şeýle-de, tebigy hadysalaryň netijeleri, ilata ýetiren täsirleri barada hem hiç hili mesele gozgalmaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *