Putin Hindistana amala aşyrýan saparynda ýarag şertnamalaryny baglaşar
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin esasan energiýa we ýarag söwdasyna gönükdirilmegine garaşylýan sammite gatnaşmak üçin 6-njy dekabrda Hindistana sapar eder.
Putiniň premýer-minister Narenda Modi bilen duşuşjak sapary onuň pandemiýa başlanaly bäri daşary ýurda amala aşyrýan ikinji sapary bolar. Has ozal, iýunda Putin ABŞ prezidenti Jo Baýden bilen duşuşmak üçin Ženewada boldy.
Sapar Hindistanyň 5,4 milliard dollar möçberindäki ylalaşyk esasynda Russiýanyň öňdebaryjy S-400 how hüjümlerinden goranyş ulgamlaryny kabul edip başlaýan wagty amala aşyrylýar. Bu ýagdaý Nýu Delini ABŞ sanksiýalarynyň nyşanasynda goýup biler.
Şuňa meňzeş beýleki bir ýarag söwdasy NATO ýarany bolan Türkiýä garşy ABŞ sanksiýalarynyň girizilmegine ýol açdy. Şeýle-de, bu söwda “Amerikanyň Duşmanlaryna Sanksiýalar Arkaly Garşy Durmak Akty” (Countering America's Adversaries Through Sanctions Act) esasynda Ankaranyň F-35 programmasyndan çykarylmagyna alyp geldi.
ABŞ “Amerikanyň Duşmanlaryna Sanksiýalar Arkaly Garşy Durmak Akty” esasynda Hindistanyň rus ýaraglaryny satyn almagyna kadadan çykma rugsat berip-bermezlik barada belli bir karara gelmedi diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs 23-nji noýabrda žurnalistlere aýtdy.
Hindistan Hytaýa garşy göreşmek maksady bilen Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklary giňeldýän mahaly, özüne kadadan çykma rugsat beriljegine ynanýan ýaly bolup görünýär.
Dünýäniň iň iri demokratiýasy Hindi-Ýuwaş umman sebitinde hytaý täsirine garşy çykýan ABŞ, Ýaponiýa, Awstraliýa we Hindistandan ybarat “Dörtlük” toparyň agzasydyr.
Russiýa 2016-2020-nji ýyllar aralygynda Hindistanyň iň iri ýarag üpjünçisi boldy. Hindistanyň satyn alan rus ýaraglary Moskwanyň global ýarag eksportynyň 23 göterimini emele getirdi.
Şeýle-de, Hindistan üçin Russiýa Merkezi Aziýada hem-de “Talyban” häkimiýeti ele geçirenden soňra Owganystanda möhüm oýunçydyr.