Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Teke bazarda et satylanda ýakalaşyk boldy

Teke bazarda et satylanda ýakalaşyk boldy

Türkmenistanda ilatyň azyk üpjünçiliginiň gitdigiçe ýaramazlaşmagy nägileligiň we dawalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Köpden bäri satuwda bolmadyk önümleriň satylan wagtynda döreýän ullakan nobatlarda yzygiderli dawa-jenjele we ýakalaşyklara sebäp bolýar. 7-nji dekabrda Aşgabadyň bazarlarynyň birinde sygyr we towuk etiniň satylan wagtynda alyjylaryň arasynda ýakalaşyk emele geldi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, ýakalaşyk Teki bazarda etiň we towugyň subsidirlenen bahadan satylanda ýerinde döräpdir. Käbir alyjylaryň arasynda ýüze çykan dawa tiz toparlaýyn ýakalaşyga öwrülipdir. Umuman şol gün nobatda azyndan birnäçe ýüz adam bolupdyr. 

"Ýakalaşykdan soň aýakgaplar we plastik haltalara salnan towuk eti çaşyp ýatyrdy" diýip, bolan ýagdaýlara şaýat bolan aşgabatlylaryň biri aýtdy.

Şäher häkimligi we bazar ýolbaşçylary bu waka barada resmi düşündiriş bermediler, emma bu ýagdaýlara kesgitli bahadan satylýan önümleriň satuwyny ýatyrmak bilen reaksiýa görkezdiler. 8-nji dekabrda Teke bazarynda polisiýa işgärleri önümiň satylmagyna garaşyp, irden bazaryň derwezesine ýygnanan adamlary kowdy. Alyjylara towuk we beýleki etleri subsidirlenen bahadan satmagyň gadagan edilendigi aýdyldy.

Teke bazarynda alyjylaryň arasynda ýakalaşyga sebäp bolan sygyr we towuk etleriniň subsidirlenen bahasy kilogramy 34 we 21 manatdan boldy. Täjirçilik dükanlarynda bir kilogram towuk etiniň bahasy 55-80 manat aralygynda.

Towuk eti birnäçe gün bäri Türkmenistanyň paýtagtyndaky beýleki bazarlarda hem satylýar. Käbir beýleki gyt önümlerde, hususan-da towuk ýumurtgasy hem satuwda peýda boldy.

Habarçylar Aşgabadyň bazarlarynda birnäçe gün bäri towuk etiniň kilogramy 25 manatdan, ýumurtganyň bolsa her biriniň 1 manatdan satylyp başlandygyny habar berdiler. Söwda daňdan başlanýar we ir 8-de tamamlanýar. Bu önümleriň satuwy ullakan nobatlary döredýär. Hususan-da, 7-nji dekabrda, ir sagat 8-den öň Teke bazarynda 800 töweregi, ondan kiçiräk Gündogar bazarynda 300 töweregi adam bardy.

Bahasy bir manatdan satylýan ýumurtga käbir täjirçilik dükanlarynda hem peýda boldy. Emma ony satyn almagyň şertleri bar. Parahat-2 etrapçasynda dükanda satuwyň birinji güni, ýagny 6-njy dekabrda, her alyja 10 sany ýumurtga satyldy, ýöne  7-nji dekabrda, ýagny satuwyň ikinji güni onuň gapdalynda esli bahadan goşmaça haryt satyn almak talap edildi. Şeýle-de, polisiýa dükanyň öňünde ýygnanan ullakan nobaty dargatdy.

"Köp adam ýygnandy, olary polisiýa kowdy. Ýumurtga satylyp başlanda bolsa, dükandakylar garaşyp duranlaryň 50 manada beýleki önümleri ýa-da hojalyk himiki serişdelerini satyn almalydygyny, diňe şondan soň her biri 1 manatdan 30 ýumurtganyň berjekdigini aýtdylar. Adamlar dargady"- diýip, ýene bir şaýat gürrüň berdi. 

Türkmenistanda azyk krizisi soňky dört ýyl bäri dowam edýär. Pandemiýa döwründe ýüze çykan ykdysady çökgünlik ilatyň maddy ýagdaýyny hasam erbetleşdirdi. Ýurduň ilatynyň ep-esli bölegi ýurduň içindäki girdeji çeşmelerini ýitirdi we daşary ýurtlara gidip gazanç etmek mümkinçiligini ýitirdi.

Ýurt ilatynyň ençemesi üçin çörek we beýleki önümleri subsidirlenen bahadan satyn almak ýeke-täk iýmit çeşmesine öwrüldi, öz gezeginde ýurduň häkimiýetleri subsidirlenen bahadan önümleri satmak düzgüninden doly el çekmeýärler. 

Ýerli synçylaryň pikiriçe, ýurtda inflýasiýanyň we täjirçilik bahalarynyň ýokarlanmagynyň fonunda, häkimiýetler ilata subsidirlenen bahadan azyk hödürlemegi häzirki režimiň ýöredýän ykdysady syýasatyny mahabatlandyrmak üçin ulanmagyny dowam etdirýärler we şeýdip, döwletiň raýatlar baradaky alada edýändigini görkezmäge çalyşýarlar. 

8-nji dekabrda polisiýa işgärleri Teki bazarynda dörän nobaty dargadan wagtynda: "Prezident size ýagşylyk edýär, siz bolsa minnetdar däl, nobatda dawa edýärsiňiz we nägileligiňizi bildirýärsiňiz" diýipdir. Şonda polisiýa işgärleriniň aýtmagyna görä, hut şu sebäpden bazarda subsidirlenen bahadan etiň satuwy ýatyrylypdyr.

Subsidirlenen bahalary saklap gelýän türkmen hökümeti, ilatyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyryp bilmeýär we bu ýagdaýda ýeňillikli bahadan azyk satyn almaga rugsat berlen raýatlaryň kategoriýalaryny yzygiderli azaldyp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Анимационная компания «ЯРКО» провела три мероприятия в День защиты детей

ЖКХ, благоустройство и сезонные работы в Красногорске обсудили на еженедельном совещании

С начала недели нефть Brent потеряла 5,48%, а WTI - 5,04%

В Котельниках под благоустройство ЖК выкуплена областная земля

Музыкальные новости

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

“Я хочу семью”: музыкант JONY рассказал в “Шоу Воли” на ТНТ о том, какую девушку он ищет

До плюс 50 градусов: Каким городам России грозит аномальная жара летом 2024 года. Опубликован список

В АО "Желдорреммаш" запущен проект “Дашборд”

Новости России

Тротуар обустроят вблизи автобусной остановки на улице Чайковского в Лобне

Анимационная компания «ЯРКО» провела три мероприятия в День защиты детей

Загадочная история «царских» названий

С начала недели нефть Brent потеряла 5,48%, а WTI - 5,04%

Экология в России и мире

Победитель фирменной игры «Авторадио» получил ключи от Oting Паладин

Это вовсе не только Питер: названы 15 городов России, куда можно поехать на белые ночи

С чем носить юбку этим летом: примеры стильных образов

Пегас сделал важное заявление по Египту: стали известны цены на туры на предстоящую зиму

Спорт в России и мире

Главный русский теннисист заставил Париж аплодировать ему стоя. Что удалось Осьминогу Медведеву?

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

После поражения де Минору россиянин Медведев завершает выступление в престижном теннисном турнире

Азаренко не смогла выйти в 1/16 финала открытого чемпионата Франции по теннису

Moscow.media

Новые мониторы Xiaomi на российском рынке

ИИ поможет врачам предсказывать эффективность иммунотерапии у пациентов с раком

Белоусов и его зам продолжают зачистку. Настала очередь главного коммунальщика Минобороны. Обвинение просит 12 лет за взятку

Красноголовый солист.







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *