HRW Almaty häkimiýetlerini aýallaryň deňlik talaplaryna üns bermäge çagyrýar
Ýöriş rugsadyna ýüz tutan zenan hukuklary boýunça aktiwistlere gendere bagly zorluga garşy protest geçirmegi hem-de deňlik üçin öz talaplaryny beýan etmegi meýilleşdirýärdiler diýip, HRW 10-njy dekabrda ýaýradan beýanatynda aýtdy.
“KazFem”, “Feminita”, “FemPoint”, “Swet” we “FemAgoradan ybarat bäş feminist toparyň we aktiwistleriň adyndan çykyş edýän üç gazagystanly aktiwist 16-njy noýabrda Almatyda 8-nji mart – Halkara zenanlar gününe bagyşlap parahat ýöriş geçirmek üçin rugsat haýyş etdi.
Aktiwistleriň biri HRW-a beren gürrüňinde Almatynyň şäher resmileriniň rugsatnama ýüz tutulmagyndan bir hepde töweregi soňra çäräni gurnaýjylar bilen duşuşandygyny hem-de şäherdäki “epidemiologiki ýagdaý” sebäpli öz planlaryny täzeden gözden geçirmegi berk maslahat berendigini aýtdy.
Almatynyň şäher administrasiýasy ýörişiň geçiriljek ýerinde başga çäreleriň geçirilýändigini we şol gün “abatlaýyş işleriniň” meýilleşdirilýändigini aýdyp, 26-njy noýabrda haýyşnamalary ret etdi